Futzal boýunça ýurdumyzyň çempionlygy ugrunda 8 topar bäsleşýär. Olardan – «Köpetdag», «Gümrükçi», «Senagatbank» we «Mlli goşun» - Aşgabada, TNGZT hem-de Türkmenbaşy şäheriniň «Deňizçi» toparlary Balkan welaýatyna, «Ahal» we «Daşoguz» degişlilikde Ahal we Daşoguz wealýatlaryna wekilçilik edýärler. «Daşoguz» topary şu ýyl futzal Superligasyna ilkinji gezek gatnaşýar.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda habar bermeklerine görä, milli birinjilige gatnaşýanlar Mary şäherinde dört tapgyryň oýunlaryny oýnarlar.
Ilkinji alty tapgyryň duşuşyklary Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçirildi. Soňky, 6-njy tapgyrda «Deňizçi» TNGZT-niň klubyny 11:0, «Köpetdag» «Mlli goşuny» 6:3, «Gümrükçi» «Senagatbanky» 3:2, ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýan «Daşoguz» topary «Ahal» toparyny 10:5 hasabynda utdular.
15-nji iýulda başlanýan 7-nji tapgyrdan öň 16 utuk toplan «Deňizçi» öňde barýar. «Köpetdagyň» ol topardan 2 utugy az, 11 utukly «Gümrükçi» bolsa üçünji orunda. «Senagatbankyň», «Daşoguzyň» we «Mlli goşunyň» hersiniň 7, ýaryşda yzda barýan TNGZT-niň klubunyň we «Ahalyň» hersiniň 3 utugy bar.
Hamid Meňlibaýew («Daşoguz») garşydaşlarynyň toruna 12 pökgi geçirip, öňde barýar. «Köpetdagdan» Gurbangeldi Sähedow ondan üç pökgi az saldy. Abdylla Nursähedow («Deňizçi») we Perman Annamuhammedow («Ahal») hersi 7 pökgi geçirip, üçünji orunda barýarlar.
Türkmenistanyň häzirki çempiony «Deňizçi» geçen hepde Mary welaýatyna geldi. Toparyň oýunçylary ýaryşyň Marydaky tapgyry başlanmazdan öň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren «Gadymy Merw» Döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördüler.
7-nji tapgyrda «Deňizçi» TNGZT-niň kluby bilen duşuşar. Tapgyryň beýleki oýunlarynda «Daşoguz» «Ahal» bilen, «Köpetdag» «Mlli goşun» bilen, «Gümrükçi» bolsa «Senagatbank» bilen duşuşarlar.