Mary şäherinde Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 7-nji tapgyrynyň oýunlary badalga aldy.
7-nji tapgyryň oýunlary «Senagatbank» bilen «Daşoguz» toparlarynyň duşuşygy bilen başlandy. Her birinde 7 utuk bolan bu iki topar ýaryş tertibinde 4-5-nji orunlary paýlaşýardylar. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň topary şu ýyl ilkinji gezek futzal Naýbaşy ligasyna gatnaşýar.
Milli birinjilik ugrundaky ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýan topar «Senagatbank» topary bilen 4:4 hasabynda deň oýnady.
Bulardan soň meýdança «Milli goşun» we «Gümrükçi» toparlary çykdylar. Oýun geçen ýylyň bürünç medalynyň eýesi ‒ Döwlet gümrük gullugynyň futzalçylarynyň görnetin artykmaçlygy bilen geçdi. Olar «Milli goşunyň» derwezesine 5 top salyp, öz derwezelerine birini goýberdiler.
Başga ýaryşlarda wise-çempion «Köpetdag» TNGIZ toparyny 5:1 hasabynda utdy, Türkmenistanyň häzirki çempiony «Deňizçi» bolsa «Ahaly» 11:1 hasabynda utmagy başardy.
Ýedi tapgyrdan soň 19 utuk gazanan «Deňizçi» ýaryş tertibinde öňde barýar. «Köpetdag» bolsa ondan 2 utuk yza galýar. Üçünji orunda bolsa 14 utuk gazanan «Gümrükçi» barýar.
Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 8-nji tapgyrynda «Deňizçi» topary «Daşoguz» topary bilen oýnar. Beýleki oýunlarda TNGIZ ‒ «Gümrükçi», «Milli goşun ‒ «Senagatbank», «Ahal» ‒ «Köpetdag» toparlary bilen duşuşarlar.
Mary şäherinde ýene üç tapgyryň oýunlary bolar. Ondan soň toparlar Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň ikinji aýlawynyň geçiriljek ýeri bolan Türkmenbaşy şäherine giderler.