Ýaňy-ýakynda tamamlanan «Ýüpek ýoly-2022» ralli ýaryşynda «T2 1000 km.ýokary» görnüşi boýunça hormat münberine tutuşlygyna ildeşlerimiz galdylar. Russiýa Federasiýasynyň çäklerinde geçen awtoralli Astrahan şäherinde başlap, Moskwada tamamlandy.
2009-njy ýyldan bäri geçirilýän «Ýüpek ýoly» rallisi dünýäde iň kyn ýaryşlaryň biri hasaplanýar. Şu ýyl ýaryşa gatnaşanlar 4,5 müň kilometre golaý ýol geçdiler. Bu ýoluň 2786 km. tizlikli ýollar bolup, onda ýaryşa gatnaşýanlar diňe bir awtoulaglary we motosiklleri ýokary tizlikde sürmekde ussatlyklaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem ýalňyşman ýol saýlamagy hem başarmalydylar. Ýaryş Moskwanyň «Lužniki» stadionynda dabaraly tamamlandy.
Ýokary geçirijili awtolaryň ýaryşyna bäş topara – dördüsi Türkmenistandan, badalga berildi. Russiýaly Dmitriý Woronowyň we Ýewgeniý Zagorodnýukyň dolandyrýan «LADA NIVA Legend» awtoulagly topar ýaryşyň öňdebaryjysy hasaplanýardy. Emma ýaryşyň başynda D. Woronow köp wagt utdurdy we ýörite ýerlerdäki birnäçe ýeňişlere garamazdan, birinji üçlük bilen deňleşmegi başarmady.
Netijede, ilkinji üç ýeri umumy hasapda Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň «Nissan Patrol» ulagly ekipažlary eýelediler. Hormat münberiniň ýokarky basgançagynda 48 sagat 47 minut 25 sekunt wagt görkezen sürüji Merdan Toýlyýew we şturman Şöhrat Toýlyýew eýeledi. Olar üçin bu abraýly ýaryşda ilkinji ýeňişdi. Şamyrat Gurbanow (sürüji) we Muhammetmyrat Gurbanow (şturman) olardan 7 minut 4 sekunt yza galdy. Maksatmyrat Daňatarow (sürüji) we Didar Orazmedow (şturman) ýeňijilerden 3 sagat 59 minut 44 sekunt yza galyp, üçünji ýeri eýelediler.