Ï Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň ikinji aýlawy başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň ikinji aýlawy başlandy

view-icon 5251

Mary şäherinde Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 8-nji tapgyrynyň oýunlary başlandy.

Ilki bilen TNGZT-iň topary bilen topary meýdança çykdylar. Oýnuň birinji ýarymy 3:1 hasabynda «Gümrükçi» toparynyň hasabyna tamamlandy. Arakesmeden soň TNGZT-iň topary garşydaşlarynyň derwezesine iki pökgi geçirse-de, oýun 4:3 hasabynda «Gümrükçi» toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. «Gümrükçi» topary 17 utuk gazanyp, ýaryş tertibinde üçünji orny eýeledi.

«Ahal» toparyny 10:1 hasabynda utan «Köpetdag» topary 20 utuk bilen ýaryş tertibinde ikinji orunda barýar.

Türkmenistanyň iki gezek çempiony «Deňizçi» topary şu ýyl futzal Naýbaşy ligasyna ilkinji gezek gatnaşýan «Daşoguz» toparyny 9:3 hasabynda utup, 22 utuk toplady we ozalkysy ýaly öňdeligi saklap gelýär.

8-nji tapgyryň ýene bir oýnunda «Senagatbank» topary «Milli goşun» toparyny 3:2 hasabynda utdy.

Hüjümçileriň arasynda garşydaşlarynyň toruna 13 pökgi geçiren Hamid Meňlibaýew («Daşoguz») öňde barýar.

9-njy tapgyrda çempionlyga esasy dalaşgärler «Köpetdag» bilen «Deňizçi» toparlarynyň oýny hemmeleriň ünsüni özüne çeker. Şol tapgyrda «Milli goşun» –«Daşoguz» topary bilen, «Senagatbank» – TNGIZT-iň topary bilen we «Gümrükçi» – «Ahal» topary bilen duşuşarlar.