Futzal boýunça Türkmenistanyň 2022-nji ýyldaky Superligasynyň ýaryşynda iki topar öňde deň barýar. 10-njy tapgyryň oýunlaryndan soň «Deňizçi» we «Köpetdag» 24 utuk bilen öňe saýlandylar.
Ýaryşyň Maryda geçýän böleginiň jemleýji tapgyrynda Türkmenistanyň häzirki iki gezek çempiony «Deňizçi» Döwlet gümrük gullugynyň «Gümrükçi» toparçasy bilen 2:2 hasabynda deň oýnap, utuk ýitrenden soň we «Köpetdag» «Daşoguz» toparçasyny 7:1 hasabynda utandan soň şeýle ýagdaý emele geldi.
Tapgyryň beýleki oýunlarynda «Senagatbank» «Ahaly» 4:2, TNGIZT bolsa «Milli goşuny» 3:0 hasabynda utdy.
11-nji tapgyrdan öň «Gümrükçiniň» öňdebaryjylardan 3 utugy az. 17 utugy bolan we dördünji orundaky «Senagatbankyň» medallar ugrunda dalaşmaga umydy bar. Türkmenistanyň Superligasyna ilkinji gezek gatnaşýan «Daşoguz» hem gowy netije görkezýär: Alibek Sapaýewiň tälim berýän türgenleri ýakyn bäsdeşi «Milli goşundan» 4 utuk köp –11 utuk bilen ýurdumyzyň güýçli futzal klublarynyň bäşligine girýär. Degişlilikde 6 we 3 utugy bolan TNGZT we «Ahal» yzdaky orunlarda.
Futzal boýunça Türkmenistanyň 2022-nji ýyldaky Superligasynyň ikinji aýlawynyň jemleýji dört tapgyry Türkmenbaşy şäherinde geçiriler.