Ï Türkmen woleýbolçylary Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogy ugrundaky bäsleşikde Gyrgyzystanyň milli ýygyndysyny utdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen woleýbolçylary Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogy ugrundaky bäsleşikde Gyrgyzystanyň milli ýygyndysyny utdy

view-icon 4731
Türkmen woleýbolçylary Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogy ugrundaky bäsleşikde Gyrgyzystanyň milli ýygyndysyny utdy

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň woleýbolçylary Bişkekde geçirilýän Merkezi Aziýanyň kubogy ugrundaky bäsleşikde  ýer eýelerinden, ýagny Gyrgyzystanyň toparyndan bäş tapgyrda 3:2 hasabynda üstün çykyp, ikinji ýeňşini gazandy.

Abraýly baýragk ugrunda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň erkekler ýygyndy toparlarynyň bäsleşýändigini ýatladýarys.

Ilkinji duşuşykda ildeşlerimiz çekeleşikli bäsleşikde 3:2 hasabynda  Gazagystandan üstün çykypdy – (19:25, 20:25, 25:21, 25:22, 15:13).

Gyrgyzystanyň milli ýygyndysy bilen geçirilen oýun hem ýeňil düşmedi. Ilkinji tapgyr türkmen woleýbolçylarynyň peýdasyna boldy – 28:26. Ikinji tapgyrda garşydaş topar utmagy başardy – 25:17. Üçünji döwde bolsa Türkmenistanyň topary ýeňiş gazanyp (25:21), ýene-de öňe saýlandy – 2:1. Emma dördünji tapgyrda gyrgyzystanlylar üstün çykyp, (25:23)  hasaby deňlediler – 2:2. Duşuşygyň ykbaly jemleýji tapgyrda çözüldi – onda türkmen topary rüstem çykdy – (15:8).

Ikinji tapgyryň başga bir oýnunda Gazagystan Özbegistandan üç döwde ynamly üstün çykyp (3:0), ilkinji ýeňşini gazandy.

Şeýlelikde, iki tapgyrdan soň Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň toparlarynyň hersi 4 utuk toplady. Ýaryş tertibiniň ahyrynda Özbegistanyň topary barýar.

Üçünji tapgyrda ildeşlerimiz özbegistanly garşydaşlary bilen, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndy toparlary bolsa öz aralarynda oýnarlar.

Merkezi Aziýanyň kubogy ugrundaky bäsleşigiň  ýeňijisi 27-nji iýulda belli bolar.