Ï Türkmenistanly samboçy gyz «Aziýanyň çagalary» oýunlarynda bürünç medal eýeledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly samboçy gyz «Aziýanyň çagalary» oýunlarynda bürünç medal eýeledi

view-icon 4421
Türkmenistanly samboçy gyz «Aziýanyň çagalary»  oýunlarynda bürünç medal eýeledi

Wladiwostokda geçirilýän « Aziýanyň çagalary» VII halkara sport oýunlarynda türkmenistanly Nurana Hezretowa sambo göreşi boýunça ýaryşda bürünç medala eýe boldy. Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy 65 kg çenli agramda 9 türgeniň arasynda şeýle üstünlige ýetdi.

Şu agramda Russiýa Federasiýasynyň Sibir federal okrugyndan Waleriýa Werşinina Oýunlaryň çempiony boldy. Kümüş medala Moskwadan Nasiba Ismolowa mynasyp boldy. Ikinji bürünç medaly RF-niň Uzak Gündogar federal okrugyndan Darýa Wažgowskaýa eýeledi.

6-njy awgustda « Aziýanyň çagalary» oýunlarynda boks, ýaýdan ok atmak we kuraş boýunça medallar ugrunda ýaryşlar geçiriler, olarda türkmen türgenleriniň medallar ugrunda göreşmäge entek mümkinçiligi bar.

« Aziýanyň çagalary» oýunlarynyň ýapylyş dabarasyana çenli galan iki günde Türkmenistanyň ýygyndy topary 17 toparyň arasynda gazanan medallary boýunça 10-njy orny eýeleýär. Türkmen türgenleri medallaryň jemi 9-syna (2 altyn, 1 kümüş we 6 bürünç medala) mynasyp boldular. Medallaryň sany boýunça birinji üçlüge RF-iň Sibir federal okrugy (40 altyn, 32 kümüş we 31 bürünç), Özbegistan (26−24−33) we Moskwa şäheri (24−34−31) girýärler.

« Aziýanyň çagalary» VII halkara oýunlarynda 12 ýurtdan we Russiýa Federasiýasynyň 8 sebitinden türgenler sportuň 19 görnüşi boýunça medallaryň 273 toplumy ugrunda bäsleşýärler. Ýaryşa RF-iň Primorýe okrugyndan iki topar gatnaşýar.