Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda «Köpetdag» topary «Aşgabat» toparyny 2:1 hasabynda utup ilkinji ýeňşini gazandy.
Milli birinjilik ugrundaky ýaryşyň ikinji tapgyryny açan oýun «Nusaý» stadionynda geçdi.
Oýnuň birinji ýarymy Köpetdagyň az-owlak artykmaçlygynda geçdi. Şeýle-de bolsa toparlar «Aşgabat» toparynyň peýdasyna 1:0 hasap bilen arakesmä gitdiler. Goşmaça wagtyň ilkinji minutynda Şatlyk Gurbanow başarjaň oýnap, topy myhmanlaryň derwezesine saldy.
Duşuşygyň ikinji ýarymynyň aglaba bölegi deň göreşde geçdi. Ýöne oýnuň ahyry golaýlanda, ýer eýeleri hasaby bolşy ýaly saklamak niýeti bilen oýnap başladylar. Oýnuň 88-nji minutynda Begenç Akmämmedow jerime urgusyny urup, hasaby deňledi – 1:1, goşmaça dört minudyň ikinji minutynda bolsa ýeňiş topuny tora girizip, öz hasabyna iki gol ýazdy.
Zordan ýeňiş gazanan, «Köpetdag» ilkinji 3 utugyny jemledi. Şonça utuk, ýöne bir oýundan soň «Ahalda», «Şagadamda», «Altyn asyrda» we «Merwde-de» bar.
Ikinji tapgyr Mary we Balkan welaýatlarynyň derbisi bilen dowam eder, onda «Energetik» «Merw», «Nebitçi» bolsa «Şagadam» bilen duşuşar. Bu tapgyr geçen ýylky çempionatyň netijeleri boýunça iň oňat iki toparyň – «Altyn asyr» bilen «Ahal» toparlarynyň arasynda boljak bäsleşik bilen tamamlanar.