Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň sport toplumynda Türkmenistanyň Futzal boýunça Super ligasynyň ikinji aýlawynyň jemleýji tapgyrynyň oýunlary geçirildi.
14-nji tapgyryň netijesi garaşylmadyk däldi. Ýaryş tertibiniň başynda duran «Denizçi» we «Köpetdag» ýene-de bäsdeşlerinden güýçli bolup çykdy: Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň topary «Ahaly» 4:1 hasabynda utdy, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň futzal topary bolsa TNGIZT-den 7:3 hasabynda üstün çykdy.
Döwlet gümrük gullugynyň öňdäki toparlardan yza galman gelýän «Gümrükçi» toparynyň futzalçylary «Milli goşuny» 3:1 hasabynda ýeňdi.
Ýene bir oýunda «Türkmensenagatbank» «Daşoguz» toparynda 7:1 hasabynda üstün çykdy.
Bu ýeňiş «Türkmensenagatbankyň» futzalçylaryna ilkinji üçlükde ýer almak ugrundaky göreşe täzeden gatnaşmaga mümkinçilik berdi. Ikinji tapgyrdan soň «Türkmensenagatbankyň» 24 utugy bar, ýagny üçünji orunda duran «Gümrükçiniňkiden» 3 utuk az.
Öňdeligi henizem hersinde 36 utuk bolan wise-çempion «Köpetdag» bilen Türkmenistanyň häzirki iki gezek çempiony «Denizçi» eýeleýärler.
«Türkmenistan-2022» Super ligasynda ilkinji gezek çykyş edýän «Daşoguz» topary TNGIZT-den 2 utuk öňde barmak bilen, ilkinji bäşlige girýär.
Ýaryş tertibiniň ahyrynda degişlilikde 7 hem 6 utugy bolan «Milli goşun» we «Ahal» toparlary barýar.
Bombardirler bäsleşiginde hasabynda 21 top bolan Gurbangeldi Sähedow (Köpetdag) öňde barýar. Hamid Meňlibaýew (Daşoguz) ondan üç top yza galýar.
Türkmenistanyň ýygyndy toparyynyň 2022-nji ýylyň 27-nji sentýabryndan 9-njy oktýabry aralygynda Kuweýtde geçiriljek 17-nji Futzal Aziýa kubogynyň jemleýji ýaryşyna taýýarlyk görmek üçin Futzal Superligada 14-nji tapgyryň oýunlaryndan soň arakesme yglan edildi. Yklym çempionatynyň birinji tapgyrynda türkmen futzalçylary «B» toparda Özbegistanyň, Bahreýniň we Täjigistanyň toparlary bilen oýnar.
Türkmenistan-2022 Superligasy oktýabr aýynda 3-nji aýlawyň oýunlary bilen täzeden bat alar.