Ï Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda toparlaryň orunlary üýtgeýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda toparlaryň orunlary üýtgeýär

view-icon 7164
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda toparlaryň orunlary üýtgeýär
camera-icon
tff.com.tm

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň dördünji tapgyrynda paýtagtymyzyň «Nisa» stadionynda Türkmenbaşy şäherinden «Şagadamy» 1:0 hasabynda utan «Ahal» öňe çykdy. Oýunda Meýlis Diniýew 75-nji minutda Türkmenistanyň wise-çempionyna ýeňiş getirdi. Bu 7 utuk bilen ýaryşda dördünji orunda barýan «Şagadamyň» ilkinji ýeňlişi boldy. Indi «Ahalyň» 10 utugy bar. 

Balkanabatda «Nebitçiden» 2:3 hasabynda utulyp, Türkmenistanyň çempionatynda ilkinji ýeňlişe sezewar bolan «Merwiň» ondan 1 utugy az. Duşuşygyň 1-nji minutynda Söhbet Allanurow 11 metrlik jerime urgusyny dürs urandan soň meýdança eýeleri 0:1 hasabynda utulýardylar. Ýöne Gurbanmämmet Meredowyň şägirtleri arakesmeden soň garşydaşlarynyň derwezesine üç pökgi salyp, topara ýeňiş getirdiler. «Nebitçiden» Magtymberdi Berenow (47-nji), Seýitmämmet Hojamämmedow (56-njy) we Serdar Annaorazow ( 60-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyndan) tapawutlandylar. «Merwden» Alibek Abdurahmanow goşmaça berlen 92-nji minutda ýene bir pökgi geçirse-de, klubyny ýeňlişden halas edip bilmedi.

Öz meýdançasynda «Köpetdagy» 3:0 hasabynda utan häzirki çempion «Altyn asyr» 8 utuk bilen üçünji orna geçdi. Şu oýunda pökgüleriň üçüsem duşuşygyň ikinji ýarymynda Altymyrat Annadurdyýewiň (46-njy), Rahman Myratberdiýewiň (58-nji) we Yhlas Toýjnaowyň (85-njiminutlarda) dürs urgulary bile geçirildi.

2022-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynda Marynyň «Energetigi» öz meýdançasynda 51-nji minutda Sirojiddin Jumanyýazowyň «Aşgabadyň» derwezesine salan pökgüsi netijesinde 1:0 hasabynda ilkinji ýeňşini gazandy. Ýaryşda soňky orunda barýan «Aşgabat» indi bassyr dördünji gezek utulýar.