Türkmen küştçüleri, Moskwada GDA ýurtlarynyň ýaşlar toparlarynyň arasynda geçýän Mihail Botwinnigiň Kubogy ugrunda bäsleşerler.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň habaryna görä, Küşt federasiýalary birleşigi tarapyndan gurnalan bu bäsleşige Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Özbegistandan we biziň ýurdumyzdan 9 sany çaga topary gatnaşýar.
Kapitanyň ýolbaşçylygyndaky her topar 14 ýaşa ýetmedik 3 oglan bilen 1 gyzdan ybaratdyr.
Ýaryş adaty bolmadyk formatda 9 tapgyrda aýlaw ulgamy boýunça geçirilýär: uly ýaşly kapitanlar ähli garşydaş toparlaryň ýaş küştçüleri bilen şol bir wagtda oýnaýarlar. Tutuş oýnuň wagty, her göçüm üçin 30 sekunt goşmak bilen, 90 minutdyr.
Bu ýaryşa Türkmenistandan halkara küşt ussady Karen Grigorýan (kapitan) we ýaş küştçüler Wekil Agamyradow, Ilhan Çaryýew, Sanjar Gaýbullaýew, Mährijemal Gurbangeldiýewa dagy gatnaşýar. Toparyň tälimçisi – Serdar Annaberdiýew.