Paýtagtymyzyň gurjak teatrynyň artistleri özleriniň şadyýan çykyşlary bilen Mary welaýatynda iş saparynda bolýarlar.
Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary bu ýerde çaga tomaşaçylaryň dykgatyna «Jadyly ýaglyk» oýnuny hödürledi.
Hoşniýetlilik, dostluk we ýoldaşlyk goldawy baradaky erteki dine bir çagalaryň däl, eýsem olaryň ene-atalarynyň hem göwnünden turdy. Oýunda çagalara terbiýäni we özgelere kynçylykda biperwaý garamazlygy öwredýän ajaýyp keşpler köp.
– Biz eýýäm köp çagalar baglarynda we mekdeplerde bolup gördük – diýip, gurjak teatrynyň aktýory Atajan Baýramdurdyýew gürrüň berýär. – Çagalar iň hoşal tomaşaçylardyr, şonuň üçin-de çykyşlarymyz olaryň kalblaryny şatlandyrsa, joşdyrsa biz artistler aýratyn begenýäris.
Teatryň ikinji döredijilik topary paýtagtymyzda işini dowam edýär. Dynç günlerinde çagalara we olaryň ene-atalaryna türkmen halk ertekileri boýunça goýlan oýunlar we beýleki gyzykly çykyşlar garaşýar.