Ï Daşoguzyň teatrynda täze spektakl taýýarlanylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguzyň teatrynda täze spektakl taýýarlanylýar

view-icon 3484

2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň işgärleriniň öňünde anyk wezipeleri kesgitledi. Häzirki wagtda teatryň režissiýory Guwanç Baýmedow Aşyr Mämiliýewiň «Älemgoşarly tomus» atly eseri esasynda täze spektaklyň üstünde işleýär.

Spektakl bir obadan bolan ýedi synpdaşyň ykbaly barada gürrüň berýär we ondaky wakalar birek-birege berlen sözler hem-de kasamlar bilen baglydyr.

Sahnadaky wakalar synpdaşlaryň ýyllar geçmegi bilen hünär saýlamak, arassa ahlak ýörelgelerine eýe bolmak, birek-birege hormat goýmak, özara sazlaşyk we dostluk düşünjelerini öz içine alýan möhüm durmuşy hem-de raýatlyk borjuny emele getirýändigini görkezýär.

Zehinli artistler Hemra Dowlyýew, Maksat Babaýew, Ogulgerek Şyhyýewa, Amanmyrat Kakaýew, Hemra Muhadow, Aýjahan Berdiýewa, Şeýbeg Saryýew, Leýli Rejepowa sahnadaky keşpleri ýerine ýetirerler.

Bu spektakl režissýor Guwanç Baýmedowyň teatryň sahnasynda goýýan gyzykly oýunlarynyň sanawyny dowam eder. Ol öz işlerinde söýgi, adamlara hormat goýmak, raýatlyk borç, abraý-hormata eýe bolmak ýaly adamzat gymmatlyklaryna uly üns berýär.

Diňe şu ýylyň özünde G. Baýmedowyň iki spektakly ̶ ýazyjy we dramaturg Hemra Şirowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Azaşan owlajyk» aýdym-sazly çykyşy we ýazyjy Magtymguly Myşşyýewiň eseri esasynda «Ene» durmuşy-filosofik eseri görkezildi.