Ï Lýudmila Nabirkina: sýurrealizm elementli tapmaça-suratlaryň awtory
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lýudmila Nabirkina: sýurrealizm elementli tapmaça-suratlaryň awtory

view-icon 3452
Lýudmila Nabirkina: sýurrealizm elementli tapmaça-suratlaryň awtory
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisyan

Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde Lýudmila Nabirkinanyň işleriniň şahsy sergisi açyldy. Ol nakgaşyň ikinji sergisidir. Ol 34 ýaşynda ilkinji gezek eserlerini sergide görkezipdi, sungat muşdaklarynyň köpüsi Nabirkinanyň üýtgeşik eserlerini henizem ýatdan çykarmaýarlar. Bu gün, ýene 34 ýyldan soň ol işlerini ýene bir gezek sergä goýdy, bu gezek tomaşaçylar diňe bir Nabirkinanyň žiwopis eserleri bilen däl, eýsem onuň özi bilenem tanyşmaga geldiler.

Nabirkinanyň her suraty – çözmesi kyn tapmaça meňzeýär.

Sergide görkezilýän suratlaryň arasynda «1948-nji ýyldaky Aşgabat hasraty» suraty dartgynlylygy bilen saýry gelýär. Persala bolan gara ganat ukuda ýatan şäheri ajal bolup dalaýar. Ganatyň aşagyndan gara çyzyklar görünýär - bular kimdir biriniň puja çykan ykbaly, niýetleri, kesilen ömri bolup görünýär. Ýöne suratyň bir burçunda haýsydyr bir gudrat bilen aman galan içi ýumurtgaly höwürtge görünýär, bu bolsa durmuşyň bu sebite ýene dolanjakdygyny aňladýar.

«Wiý» powestiniň teatrda sahnalaşdyrylyşyndan söhbet açýan «Mizansahna we Gogolyň ruhy» suratynda haýsydyr bir mistika duýulýar.

Nabirkinanyň ilkinji eserleri - aýry-aýry üç fotosuratdan ybarat «Maşgala fotosuraty», şeýle hem «Güljennetiň portreti we tebigatda üznüksiz suw akymy» suratlary has-da özüne çekiji.

«Çarli Çaplin» suraty her bir tomaşaçyda ýatdan çykmajak täsir galdyran bolsa gerek. Beýik sessiz kinoaktýorynyň gözleri aýna kysmy çekilipdir, şonuň üçinem Çarliniň gözlerine bakýan her kişi onda özüni görýär. Päkize uly ýürekli keltejik kişi ýaňsa ussadydy. Onuň ýumor toruna düşmekden çekinmeli.

- Surat çekemde Salwador Dali meniň diýjek bolýan zadymy nädip beýan ederdikä diýip özüm özümden soraýaryn, - diýip Lýudmila öz döredijiligini teswirleýär. - Şonuň üçin men sýurrealizm elementlerini ulanýaryn, bu meniň işlerimi has manyly edýän ýaly bolup dur.