Ï Bagtyýar ýaşlar täze spektaklda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bagtyýar ýaşlar täze spektaklda

view-icon 3214
Bagtyýar ýaşlar täze spektaklda

Şu günlerde Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda Öwezmämmet Galandarowyň režissýorlyk etmeginde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly täze spektakl sahnalaşdyrylýar.

Spektakl Gyýanlydaky polimer zawodynda hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda zähmet çekýän ýaşlaryň durmuşyndan, olaryň yhlasly zähmetinden söhbet açýar. Sahna oýnunyň başynda ýaş hünärmenler daşary ýurtdan gelen myhmanlary polimer zawodynyň işi bilen tanyşdyrýarlar.

Zawodyň dünýäniň iň täze tehnologiýalaryna esaslanan enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygy, onuň diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem bütin dünýäde ägir uly gazhimiýa toplumydygy barada gürrüň berilýär. Bu ýerdäki dürli önümçilik desgalarynyň ýerine ýetirýän işi, polimer zawodynda tebigy gazyň gaýtadan işlenilip, ýokary hilli we dünýä ülňülerine laýyk gelýän polietileniň we polipropleniň birnäçe görnüşiniň öndürilmegi, diňe öz ýurdumyzyň telekeçileriniň däl, eýsem daşary ýurtly işewürleriň önümlere bolan isleglerini artdyrýar. Şertnama baglaşylyp, satyn alnan önümleriň Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly amatly şertlerde eksport edilişi spektalda ýaş gahrymanlaryň sözleri bilen beýan edilýär.

Spektaklda keşpleri ýaş artistler – B.Berdiýew, O.Gurbanberdiýewa, R.Nazgurbanow, A.Nepesowa, L.Nuryýewa, G.Hajymämmedowa, R.Arazmämmedow, A.Ilýasow, A.Mämmetgulyýew dagy ýerine ýetirýärler. Sahna oýnunda ýaşlar yhlasly, tutanýerli, maksada okgunly zähmeti netijesinde, durmuşda öz orunlaryny tapyp, göwün arzuwlaryna ýetýärler.