26-njy aprelde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda ýurdumyzyň artistleriniň Russiýa Federasiýasynyň Milli drama teatrynyň, Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň we Russiýa Federasiýasynyň Döwlet sahna sungaty institutynyň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Myhmanlar «Milli teatr mekdebi» taslamasynyň Halkara rezidensiýasynyň çäklerinde Aşgabada geldiler.
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Bilbil Mämmedowa ýygnananlaryň öňünde çykyş edip:
- Artistlerimiziň köpüsi Russiýanyň merkezi ýokary okuw mekdeplerinde, Şepkin adyndaky teatr uçulişşesinde, Russiýanyň GITIS teatr sungaty institutynda we beýleki okuw mekdeplerinde bilim aldylar. Häzirki wagtda olar teatrlarymyzda, diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem welaýatlarda-da işleýärler, kinofilmleri surata düşürýärler. Olaryň köpüsi Türkmenistanyň halk we at gazanan artisti diýen hormatly ada mynasyp boldular. Hyzmatdaşlyga döredilen täze mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine hoşallyk bildirýärin – diýdi.
Duşuşykda Türkmenistanyň at gazanan artisti Olga Wolkowa çykyş edip şeýle diýdi:
- Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlyk diňe bir teatr işgärleridir talyplara däl, eýsem türkmen tomaşaçylarymyza-da gerek. Bir asyra golaý taryhy bolan Puşkin adyndaky Türkmen döwlet rus drama teatry hemişe rus nusgawy awtorlara ýüzlenýär. Aktýorlarymyz Russiýanyň drama teatr mekdebiniň terbiýesini aldylar. Stanislawskiniň ýörelgesi biziň üçin esasy ýörelgedir. Häzirki döwürde teatr durmuşymyza berk ornaşan döwrebap tehnologiýalardan gaýry durup bilmez. Rus kärdeşlerimiziň bu ugurda has köp mümkinçilikleri we tejribesi bar. Tejribäňizi biziň bilen paýlaşarsyňyz diýip umyt edýäris. Geljek – ýaşlaryňky, häzirki we geljekki teatryň nähili boljakdygy olara bagly.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldamagynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Häzirki zaman milli teatrynda menejmentiň esaslary» bilim maksatnamasy işläp başlady. Duşuşyga gatnaşanlar üçin häzirki zaman teatr işi, milli taslamalary taýýarlamak we ilerletmek, taslamalaryň döwrebap menejmenti we nusgawy dolandyrylyşy meseleleri boýunça umumy sapaklar we okuwlar geçirildi.
Agzalan çäreler bilen bir hatarda Türkmenistanyň akademiki Baş drama teatrynda aktýorlyk okuwlary geçirildi.
Russiýanyň Döwlet sahna sungaty institutynyň aktýorlyk sungaty kafedrasynyň mugallymy Dmitriý Krestýankin türkmen artistlerine aktýorlyk sungaty we rus teratrlarynyň işi, käbir teatr tilsimleri barada gürrüň berdi, olaryň käbirini görkezdi.
Üç günlük bilim maksatnamasy 28-nji aprelde tamamlanar. Okuwyň ahyrynda taslama gatnaşyjylara hünär derejesini ýokarlandyrandygy barada şahadatnamalar gowşurylar.