Ï Kongresiň kitaphanasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň medeni mirasynyň goranyp saklanmagyna ýardam berýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kongresiň kitaphanasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň medeni mirasynyň goranyp saklanmagyna ýardam berýärler

view-icon 2394
Kongresiň kitaphanasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň medeni mirasynyň goranyp saklanmagyna ýardam berýärler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty degişli halkara guramalar we düzümler, dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan bolan kärdeşleri bilen medeni mirasy gorap saklamak babatda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Ýakynda ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasynyň işgärleri – bölüm müdiri Ýasmin Han hem-de goramak we kagyz rejeleýişi boýunça baş hünärmen Tamara Ohanýan, şeýle hem Merrion & Smith guramasyny bilelikde döredijileriň biri Uilýam Bredford Smit, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda golýazmalary gorap saklamak boýunça taslamanyň menejeri nobatdaky iş sapary bilen Aşgabatda boldular. Bu taslama ilçileriň milli mirasy gorap saklamak boýunça amerikan gaznasynyň maliýa taýdan goldaw bermeginde durmuşa geçirilýär.

23-nji aprelden 5-nji maý aralygynda ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasynyň işgärleri Türkmenistanyň hünärmenleri hem-de talyplary bilen gadymy gymmatlyklary gorap saklamak we rejelemek üçin täze usulyýetleri ulanmak meseleleri boýunça umumy we amaly sapaklary geçirerler. Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň “Rejeleýiş we gorap saklamak” bölüminiň işgärlerine rejelenýän serişdäni işlemegiň häzirki zaman usullary, litografiýa neşirleri üçin tehniki serişdeleriň ulanylyşy öwrediler.

Amerikanyň wekiliýetiniň Aşgabatda bolmagynyň maksatnamasy TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyndaky duşuşyklardan başlandy. 26-njy aprelde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Kitaphana fakultetiniň talyplary Tamara Ohanýanyň Yslam golýazmalaryny rejelemek we gorap saklamak hem-de Ýasmin Hanyň ABŞ-nyň Kongresiniň Kitaphanasynyň işi baradaky umumy sapaklaryny diňlediler. Ertesi olar Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda talyplar bilen amaly sapaklary geçdiler.

Şeýle hem maksatnama Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň işgärleri bilen duşuşyk girizildi. Şonda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. 28-nji aprelde hem-de 1-nji maýyň birinji ýarymynda amerikaly hünärmenler Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyndan bolan kärdeşleri hem-de Medeniýet institutynyň talyplary bilen amalay sapaklary geçirerler. Şeýle hem ýurdumyzyň kitaphanalarynyň we muzeýleriniň işgärleri bilen duşuşyk meýilleşdirildi, şol duşuşyk Türkmenistanyň döwlet muzeýinde geçiriler. 2-nji, 3-nji, 4-nji maýda Kongresiň Kitaphanasynyň işgärleri Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda Türkmenistanyň kitaphanalarynyň hünärmenleri bilen bilelikde amaly sapaklary geçirmegi meýilleşdirýärler.

TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň golýazmalar gaznasynda saklanylýan gymmatlyklar diňe bir türkmenleriň däl, eýsem-de olary sebitiň umumy taryhy we umumy kökleri baglanyşdyrýan beýleki halklaryň hem taryhy we medeniýeti barada az öwrenilen meseleleriň üstini açmaga mümkinçilik berip biler. Institutyň hünärmenleriniň hem-de geljekki nesilleriň gymmatly manuskriptler bilen işläp bilmekleri üçin olary rejelemek we gorap saklamak zerur. Şoňa görä-de, Institutyň işgärleri milli golýazmalar gymmatlyklaryny gorap saklamakda amerikaly hünärmenleriň amaly kömegine ýokary baha berýärler.