Ï Paýtagtymyzda «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik mirasy festiwaly öz işine başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik mirasy festiwaly öz işine başlandy

view-icon 5543
Paýtagtymyzda «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik mirasy festiwaly öz işine başlandy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň paýtagtynda Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň goldamagynda türkmen şygryýetiniň nusgawy şahyrynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň mynasybetli «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik mirasy festiwaly başlady.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, TMK-nyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, hem-de paýtagtymyzyň Medeniýet öýleriniň aýdym-saz toparlary «Watan» kinokonsert merkeziniň sahnasynda çykyş etdiler.

Konsertde türkmeniň beýik akyldar şahyry, türkmen edebi diliniň düýbüni tutan Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlar ýaňlandy. Milli baýlygymyza öwrülen  aýdymlary Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleri  Şemşat Hojaýewa, Pälwan Hamydow, Merdan Baýramow, Garýagdy Saryýew we beýlekiler ýerine ýetirdiler.

Ýakyn günlerde Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda festiwalyň sebit tapgyrlary geçiriler.

Festiwalyň jemini iýun aýynda jemlemek göz öňünde tutulýar. Aşgabatda geçiriljek jemleýji tapgyra ussat sazandalar we halk aýdymlaryny aýdýan bagşylar gatnaşarlar. Baýrakly orunlary eýelänlere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň howandarlygynda geçirilýän festiwalyň diplomlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.