Yslam Babaýew adyndaky ýaş gitaraçylaryň festiwalynyň çäklerinde M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda sazandanyň hatyrasyna gitara sazlary konserti geçirildi.
Konsertde paýtagtymyzyň 3-nji, 4-nji we 5-nji çagalar sazçylyk mekdepleriniň, TMK-nyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň, D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň okuwçylary, Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary we höwesjeň gitaraçylary çykyş etdiler.
Gitaraçylar gurallaryny düzüp, dürli sazlar bilen konsertiň myhmanlaryny begendirdiler.
Ýaş zehinler meşhur türkmen kompozitorlary Nury Halmämmedowyň, Çary Nurymowyň eserlerini, şeýle hem «Çoh derde goýan ýarym», «Maşak ýar» halk sazlaryny çaldylar. Alty kiriş gitarada çalmak üçin gaýtadan işlenilen «Meleguş», «Türkmen sährasy», «Akja kepderi» kompozisiýalar özboluşly we şowhunly ýaňlandy.
Mary welaýatyndan gelen doganlar Toýly we Mekan Dörtgulyýewler saz agşamynyň hakyky açylyşy boldular. Olar Mary şäherindäki Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebinde okaýarlar. Sazanda doganlary paýtagtymyza gitaraçy agasy alyp gelipdir.
– Biz Maryda geçirilýän dürli konsertlere gatnaşýarys, ýöne Türkmen milli konserwatoriýasynda welin ilkinji gezek çykyş etdik. Bu biziň üçin uly abraý-diýip, Toýly Dörtgulyýew gürrüň berdi. – Maşgalamyzda gitara çalmagy özbaşdak öwrenenn gitaraçylaryň bir nesli bar. Şonuň üçin döwlet sazçylyk mekdebinde bilim almaga, ussat mugallymlardan hünär öwrenmäge mümkinçiligimiň bardygyna gaty begenýärin. Şu ýyl mekdebi tamamlaýaryn,onsoň Aşgabatdaky ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girmegi niýet edinýärin.
Höwesjeň gitaraçy Rüstem Ataýew hem özüni gowy sazanda hökmünde görkezdi. Ýetginjek ençeme gitaraçy taýýarlan tejribeli mugallym Myrat Gurbanowyň ýolbaşçylygynda bu saz guralyny çalmagyň tilsimlerini özleşdirýär.
Aşgabadyň 3-nji sazçylyk mekdebiniň mugallymy Leýla Nasyrowanyň okuwçylary hem zehinini görkezdiler. Sonýa Nasyrowa, Milana Kaletinskaýa we Merjen Meredowa dagy daşary ýurt kompozitorlarynyň döreden dürli sazlaryny ýerine ýetirdiler. Türkmenistanda gitara sazyny meşhur eden Yslam Babaýewiň «Bahar heňi» kompozisiýasyny Arslan Garlyýew çaldy.
Yslam Babaýew 1949-njy ýylyň 6-njy maýynda doglupdy. 70-nji ýyllarda görnükli sazanda Türkmenistanda nusgawy gitara boýunça ilkinji synpyň açylmagyna ýardam edipdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda zehinli gitaraçylar köp, her ýyl gitara sazlarynyň festiwallarynyň geçirilmegi netejiesinde olaryň arasyndan has zehinlileri ýüze çykarylýar.