Ýurdumyzyň 7 sany sazçylyk mekdepleriniň (Aşgabat şäherinden we 5 welaýatyň, şeýle hem TMK-niň ýanyndaky sazçylyk mekdebiniň) 99 talyp-uçurumlary pianistler, wokalistler, dutarçylar, bagşylar, dirižýorlar, aýdym-sazçylyk mugallymlary we beýleki hünärleriň arasynda döredijilik bäsleşigine gatnaşdylar.
Bäsleşik Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda üç gün dowamynda iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyr saýlama, ikinji tapgyr jemleýji boldy.
Bu bäsleşik her ýyl geçirilýär we oňa bolan gyzyklanma diňe artýar, sebäbi bäsleşigiň her ýeňşi mekdebiniň we mugallymynyň abraýyny artdyrýar.
Bu ýylda 25 okuwçy ýeňiji diýlip ykrar edildi, 9-sy birinji ýeri eýelediler. Taýmazbaba Şamuradowyň ýeňijileriniň arasynda hem bar ol Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň klarnet saz gurallary bounça uçurumy.
Ýenijileriň hatarlarynda dutar saz gurallary boýunça Balkan welaýatynyň sazçylyk mekdebiniň talyby Öwezgeldi Gutlyýew, dirižýorlyk ussatlygy bounça Lebap welaýatynyň ýörite sazçylyk mekdebiniň Selbi Aýmyradowa, wokal boýunça Mary welaýatynyň sazçylyk mekdebiniň uçurymy Nepes Ýagşygeldiýew, ksilofon boýunça Daşoguz walaýatynyň sazçylyk mekdebiniň wekili Şekir Şowkatow, bagşyçylyk sungaty bounça Ahal welaýatynyň sazçylyk mekdebiniň uçurymy Meýlis Mürzäýew, fortepiano bounça TMK-niň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň uçurymy Ogulniýaz Rahmanowa we beýlekiler bar.
– Şeýle abraýly bäsleşigiň ýeňijisi bolanyma çäksiz begenýärin – Taýmazbaba Şamuradow öz duýgulary biziň bilen paýlaşýar – Halypam Süleýman Gurbanowa sag bolsun aýdasym gelýär we şatlygymy bilen paýlaşasym isleýärin. Şeýle hem, bu şatlykly pursatlar üçin ejeme we kakama goldawlary üçin aýratyn sag bolsun aýdasym gelýär.
Aýjemal Bäşimowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň konsertmeýstery.