Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde italiýaly fotosurat ussatlarynyň işleriniň sergisi açyldy. Ol Türkmenistanda ýerleşýän Ilçihanalaryň işgärleriniň, ussat we höwesjeň fotosuratçylaryň, şeýle hem KHBS-niň wekilleriniň ünsüni özüne çekdi. Serginiň açylyş dabarasynda Italiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Luiji Ferrari çykyş edip, italýan sungatyna gyzyklanma üçin hoşallyk bildirdi we italýan fotosuratynyň ösüşi barada gysgaça gürrüň berdi.
Italiýada fotosurat sungaty gözbaşyny geçen asyryň başynda ýaşap geçen üç dogan Alinarileriň fotostudiýasyndan alyp gaýdýar. Şondan bäri geçen 120 ýyldan gowrak döwürde zehinli işleri bilen Italiýa wekilçilik edýän ussatlaryň ençemesi ýüze çykdy. Sergide 75 suratçynyň 100-den gowrak işi görkezilýär. Suratlar temasyna görä birnäçe bölüme bölünýär.
Manzarlar - ajaýyp we özboluşly ekspozisiýalaryň biridir. Jon Reskiniň metaforasynda «Manzarlar - Watanyň ajap keşbi» - diýilýär. Fotosuratçylar ýurdunyň keşbini öz garaýşy arkaly şekillendirýärler, şonuň üçin hem biz gar basan üzümçilige, tokaý bilen şäheriň arasynda azaşana meňzeş ýalňyz jaýa, dagyň içinde ýitip giden jaýjagaza, keşbi howdanda şöhlelenýän welosipedli iki kişä syn edýäris.
«Keşpler» atly kiçijik ýygyndyda italýan jemgyýetiniň wekilleriniň suratlary bar. Portret surat ussatlarynyň iň halaýan žanrlarynyň biridir. Sergide owadan italýan ýetginjekleri, ýaşlary, gojalary görkezilýär.
Adamyň içki gözelligi diňe şahsyýeti azat edýän döredijilikde ýüze çykýar. Serginiň bu bölümine «Zähmet» diýlip at berlipdir. Kärine berlen adam üçin iş bilen döredijilik – ikisi bir zatdyr. Döredijilik diňe bir sungatda däl, eýsem çörek bişirmekde-de, gök önümleri ýetişdirmekde-de, çagalara adaty hakykaty öwretmekde-de, gämi gurmakda-da... ýüze çykyp biler. Bu sergide nakgaş ýaş zenanyň muzeýiň retro-eksponatlaryndan eskiz çekýän suraty has aýdyň görünýär.
Sergi dowam edýän wagtynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda kamera orkestri iň gowy italýan we türkmen eserlerini ýerine ýetirdi.