Ï Türkmenistan — ÝUNESKO: türkmen halkynyň özboluşly mirasyny wagyz etmek ugrunda tagallalar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — ÝUNESKO: türkmen halkynyň özboluşly mirasyny wagyz etmek ugrunda tagallalar

view-icon 4209
Türkmenistan — ÝUNESKO: türkmen halkynyň özboluşly mirasyny wagyz etmek ugrunda tagallalar
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Ol türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlandy.

Aýdym-sazly dabaraly maslahat başlanmazdan ozal, oňa gatnaşyjylar Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Bu ýerde milli senetçileriň, şol sanda türkmen zenanlarynyň zehininden we yhlasyndan dörän dürli önümler, amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli kümüş şaý-sepler görkezildi.

Çäre Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde “Dünýä ýaň salýandyr türkmen mirasy” atly edebi-sazly çykyşdan başlandy. Onuň dowamynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, kämillik derejesine ýetirilen milli mirasymyzyň halkymyzyň durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygy we olaryň häzirki döwürde eýeleýän orny açylyp görkezildi.

Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi arkaly BMG-niň esasy düzümleri, hususan-da, onuň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi, bu ugurda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň netijeli işleri alyp barýandygy aýratyn nygtaldy.

Bu işleriň anyk mysaly hökmünde geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna “Türkmen keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri” hem-de “Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi” ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleriniň girizilendigini bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, 15-nji maýda şu mynasybetli ýurdumyza sapar bilen gelen ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Huriniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy bolup, döwlet Baştutanymyza degişli güwänamalar gowşuryldy.

Dabaraly maslahata gatnaşýan myhman Golda El-Huri çykyşynda türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, BMG-niň özüniň wekilçilik edýän düzüminiň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Myhman sözüni dowam edip, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna ýokarda agzalan maddy däl medeni mirasyň görnüşleriniň girizilmeginiň türkmen halkynyň milli mirasyny dünýä derejede giňden wagyz etmek ugrunda örän ähmiýetli üstünlik bolup durýandygyny aýtdy hem-de bu ajaýyp waka bilen ähli türkmenistanlylary gutlady. Dabarada çykyş edenler hem munuň halkymyzyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşýan ägirt uly goşandynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany bolup durýandygyny buýsanç bilen bellediler.

Şu ýyl Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl dolýandygyny nygtamak gerek. Geçen ýyllarda bilelikde ägirt uly işler amala aşyryldy, medeni-ynsanperwer ugurda, taryhy mirasy gorap saklamakda uly tejribe toplandy. Ýola goýlan we alnyp barylýan şeýle işler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi. Çykyşlarda Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak, şeýle hem geljekde halkymyzyň sungatynyň beýleki görnüşlerini we özboluşly däp-dessurlaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada-da durlup geçildi.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň birnäçesini ÝUNESKO-nyň assosiirlenen mekdepleriniň toruna girizmek boýunça degişli işleriň alnyp barlandygy, ýokary okuw mekdepleriniň üçüsinde bolsa ÝUNESKO klublarynyň açylandygy bellenildi.

Türkmen zenanlarynyň yhlasyndan döreýän keşdeçilik sungatynyň umumydünýa siwilizasiýasynyň ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşantdygy nygtaldy. Şunda olaryň täze eserleri döretmegi we taryhy maglumatlaryň toplanylmagy üçin şertleri üpjün etmek möhümdir. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary netijesinde milli medeniýetimiziň ösdürilmegi we halkymyzyň baý mirasynyň giňden wagyz edilmegi ugrunda uly mümkinçilikler döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu syýasaty dünýä jemgyýetçiligini türkmen zenanlarynyň döreden milli gymmatlyklary bilen giňden tanyşdyrmaga ýardam berýär.

Keşdeçilik sungaty asyrlardan bäri ösdürilip hem kämilleşdirilip, halkymyzyň çeper döredijilige, dürli hünärlere bolan söýgüsiniň çäksizdiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şoňa görä-de, türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi we degişli güwänamanyň gowşurylmagy ajaýyp wakadyr diýip, çykyş edenler guwanç bilen bellediler.

Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ýurdumyzyň dokma senagaty toplumynda, şol sanda ýüpekçilik pudagynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, asyrlar aşyp gelýän milli daýhançylyk däpleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda ýurdumyzyň ýüpekçiliginiň taryhy barada gymmatly maglumatlary getirýär. Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy bilen gadymdan gelýän bu milli pudak gaýtadan dikeldilýär. Ýüpek önümçiliginiň çig mal binýadynyň ösdürilmegine uly üns berilýär.

Ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalaryň önümleri diňe bir dokma we tikinçilik ulgamlarynda ulanylman, eýsem, olara beýleki ugurlarda hem uly isleg bildirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýüpek önümçilik däpleriniň döwrebap derejede has-da kämilleşdirilmegi babatda wezipeleriň çözülmegine uly ähmiýet berilýär. Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu ugurda ýetilen uly sepgit bolup durýar diýlip, çykyşlarda nygtaldy.

Maslahatdaky çykyşlar molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynyň düzümini artdyrandygy baradaky söhbetler bilen dowam etdi. Şunuň bilen baglanyşykly çykyşlarda gadymy döwürlerden bäri çeper söze sarpa goýýan halkymyzyň durmuşyna şahandazlygyň mahsus bolandygyny nygtadylar. Dürli döwürlerde dile çeper, ýiti sözli, şahandaz adamlaryň, şol sanda dürli wakalary, başdan geçirmeleri çeper gürrüň bermekde ussatlaryň, şorta sözli ýomakçylaryň ýaşap geçendikleri, dürli çeşmelerde olaryň atlary bilen baglanyşykly ýazgylaryň duşýandygy dogrusynda aýdyldy. Mälim bolşy ýaly, Ependiniň ady bilen baglanyşykly örän köp sanly dürli mazmundaky şorta sözler köp duş gelýär. Olar ynsan durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Şolaryň kitap görnüşinde çap edilen ýygyndylary hem bar.

Dabaraly maslahatyň dowamynda sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Şonda «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans topary, ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary, «Laçyn» folklor topary çykyş etdiler. Maslahatyň dowamynda wäşiler toparynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Ependiniň ýomaklaryny ýerine ýetiren artistleriň çykyşlaryny tomaşaçylar dowamly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar.

Aýdym-sazly dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.