Ï Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli türkmen halk saz gurallaryny orkestri çykyşlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli türkmen halk saz gurallaryny orkestri çykyşlary

view-icon 6731
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli türkmen halk saz gurallaryny orkestri çykyşlary

25-nji maýda bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky D. Öwezow Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň türkmen halk gurallary orkestri Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitinde konsert berdi.

Sazandar talyplar türkmen kompozitorlarynyň meşhur eserleriniň ýerine ýetirip, deň-duşlaryny begendirdiler. Konsertleriň baýramçylyk maksatnamasynda Aman Agajykowyň, Çary Nurymowyň, Hydyr Allanurowyň eserleri, halk aýdym-sazlary, şeýle hem Türkmenistanyň ak mermer paýtagtynyň gözelligini wasp edýän aýdym-sazlar girizildi.

– Şäheriň güni diňe bir aşgabatlylaryň halaýan baýramy däldir. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýaşlar, şol sanda daşary ýurtly talyplar paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Şonuň üçin toparymyzyň esasy wezipesi okuwçylary halk aýdym-sazlary we milli gurallaryň özboluşly owazy bilen tanyşdyrmakdyr – diýip, D. Öwezow Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy, «Şirwan» türkmen halk saz gurallary orkestriniň çeper ýolbaşçysy we dirižory Gadam Jumagulyýew gürrüň berýär.

Köp sanly gurallaryň saz toparynda dutar we gyjak, tüýdük, plektor dutar, dep, kanun, çaň, ud, baglama ýaly saz gurallarynyň toplumy bar. Ýeri gelende aýtsak, çaň, kanun, ud we baglama ýaly gurallar orkestre ýakynda girizildi. Gadymy türkmenlerde kirişli, urlup we kakylyp çalynýan saz gurallarynyň bolandygyny subut eden ýerli milli sazlary öwrenijileriň, taryhçylaryň we arheologlaryň işleri muňa şaýatlyk edýär.

«Şirwan» orkestri dürli çärelere we aýdym-saz bäsleşiklerine gatnaşýar. Topar gadymy türkmen halk gurallarynda saz çalmak boýunça «Gorkut owazlary Altyn asyrda» döwlet bäsleşiginde iki gezek ýeňiji boldy. 2011-nji ýylda orkestr Türmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy.

Toparyň gazanan soňky üstsünliklerini biri-de – «Kalp owazy» atly halk saz gurallarynda ýerine ýetirijileriň halkara onlaýn bäsleşigine gatnaşmagydyr, onda türkmenistanly topar 1-nji derejeli Laureat boldy.

– Şeýle çykyşlar toparyň çeperçilik taýdan ösmegine, agzybirligini berkitmäge, ýaş ýerine ýetirijilerde ansambl sazandasynyň artykmaçlyklary bilen birlikde solistlik başarnyklaryny ösdürmäge ýardam edýär. Biz ýeten derejämiz bilen kanagatlanyp oturmaýarys. Şu günler toparymyz beýik dana şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemäge işjeň taýýarlanýar. Repertuarymyzyň üsti Gündogaryň nusgawy şygryýetiniň naýbaşysy diýlen Magtymgulynyň goşgularynyň äheňleri esasynda kompozisiýalar bilen ýetirildi – diýip, Gadam Jumagulyýew gürrüň berýär.