31-nji maýda we 1-nji iýunda sagat 19:00-da, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda sungat, ylym we häzirki zaman sanly tehnologiýalary özünde jemleýän üýtgeşik bir çykyş görkeziler.
Tomaşaçylar tans sungatynda täze ugry bilen tanyşyp, özleri üçin düşünjeli, metafiziki tansy açyp bilerler.
Fiziki we wizual bedeniň dialektiki garşylygy arkaly hereket dilini öwrenmek we ösdürmek, köp ugurly «K. Dance» tans we sanly sungaty birleşdirýän çeper taslamalar bilen meşgullanýar. Bu taslamalaryň biri Paýtagtymyzyň sahnasynda görkeziler.
«Myselves» interaktiw horeografik çykyşy, solist bilen köp sanly «Men» -iň arasynda, psihikasyndan gelip çykýan we tansçynyň bedenine gönükdirilen optiki we beden datçikleri bilen düşündirilýän özbaşdak we öňünden aýdyp bolmajak wizual we ses jandarynda şekillendirilen gepleşikdir.
Horeografiki çykyşyň tanyşdyrylyşy Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti, Medeniýet ministrligi we Aşgabatdaky Fransuz instituty tarapyndan gurnaldy.
Medeni çäre Ýewropa Bileleşiginiň bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyna bagyşlanýar.