Ï Meşhur «Regtaým» toparynyň we saksofonçylaryň konserti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Meşhur «Regtaým» toparynyň we saksofonçylaryň konserti

view-icon 4254
Meşhur «Regtaým» toparynyň we saksofonçylaryň konserti
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konservatoriýasynyň kiçi zalynda «Regtaým» toparynyň konserti geçirildi. Bu topar 2020-nji ýylda ilkinji gezek diňleýjileriň arasynda uly meşhurlyk gazandy. Şeýle hem, aýdym-saz terminologiýasynda «Regtaým» diýlip atlandyrylýan jaza aýratyn üns berýändigi sebäpli topara öz adyny dakdy.

Toparyň ýolbaşçysy Natella Bagirowa – üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallarynyň kafedrasynyň konsertmeýsteri. Ondan başga-da toparyň düzüminde Muhammet Joraýew (bas gitara) we Kakageldi Gurbanmyradow (deprek toplumy) talyplar girdiler.

«Regtaým» toparyň Djo Kanderiň «Nýu-Ýork, Nýu-York» aýdymy bilen konserti açdy. «Eger sen bolmadyk bolsaň» – Süleýman Ýalkabow Djo Dassiniň bu täsir galdyryjy aýdymy bilen saksafonda solo ýerine ýetirdi. Saksafonyň çalaja sesleriniň aňyrsynda fransuz şanseriniň oýlanyşykly jadylaýjy sesiniň sözleri eşidildi.

Solistler barada aýdylanda, «Regtaým» topary konserwatoriýada şeýle bir meşhur welin, käwagt talyplar dürli eseri diňlemek teklibi bilen Natella Bagirowa ýüz tutýarlar. Şonuň üçin konsertde ýedi solistiň çykyş edýandigini geň galdyryjy zat ýok, olaryň biri wokalisty Täzegul Baýramowa.

Çalnan jaz sazlaryndan diňleýjiler esasanam Jorj Gerşwiniň «Eý hanym, haýyş edýärin» we Persi Maýfildiň «Ýitirim bol, Djek» eserlerini diňlediler.

Bu eserleriň saksofonçylara improwizasiýa bermäge mümkinçilik beripdir, Süleýman Ýalkabow, Hydyr Esenow, Atajan Reçepow, Döwran Glyçew, Aýmämmedy Güseýnhanow, Joşmurad Ärnepesow.

Konsert diňleýjilerde we ýerine ýetirijilerde iň ýakymly täsir galdyrdy.