Ï Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri dowam edýär

view-icon 3867
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri dowam edýär

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ikinji güni giň möçberli çärelere we netijeli duşuşyklara baý boldy. Aýratyn-da, Ýerewanyň O.Şarambeýan adyndaky amaly-haşam muzeýinde türkmen halkynyň taryhyna we häzirki döwürde ýeten derejesine, özboluşly däp-dessurlaryna hem-de senetkärçiligine bagyşlanan serginiň guralmagy çäräniň ähmiýetini artdyrdy.

Sergide goýlan gymmatlyklar hem-de dürli dillerde neşir edilen kitaplar, surat eserleri Türkmenistanyň taryhyna we häzirki döwürde ýeten derejesine hem-de türkmen halykynyň döreden milli gymmatlyklaryna göz ýetirmäge we ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine bagyşlanan kitaplar we žurnallar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Bu ýerde halkymyzyň medeniýetini, köpugurly sungatyny, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň ösüşini beýan edýän täsin gymmatlyklar toplumy görkezildi. Olaryň hatarynda gadymy milli lybaslar, ýaşaýyş-durmuş esbaplary bar. Olar dünýä medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň ruhy we maddy medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Milli saz gurallary hem-de dürli görnüşli bezeg şaý-sepleri sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi.

Zehinli türkmen suratkeşleriniň eserleri hem-de fotožurnalistleriň düşüren suratlary ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň dürli ugurlary, türkmen tebigatynyň özboluşly aýratynlyklary, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşen mähriban Watanymyzyň taryhy ýadygärlikleri, ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbi barada gürrüň berýär.

Türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösdürilmeginde medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigini bellemeli. Şunda iki ýurduň döredijilik toparlarynyň arasynda ýygjam gatnaşyklary ýola goýmak, özara tejribe alyşmak meselelerine zerur üns berilýär.

Ýerewanyň Komitas adyndaky Döwlet konserwatoriýasynda iki ýurduň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy guraldy. Onuň dowamynda häzirki döwrüň saz medeniýeti, onuň köp öwüşginli ugurlary boýunça tejribe alyşmagyň, bu ugurda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň konserwatoriýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki konsertiň guralmagy çäräniň ähmiýetini artdyrdy. Onda türkmen we ermeni artistleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Bu bolsa netijeli geçen duşuşygyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi.

Ermenistanyň paýtagtynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde beýik şahyr we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň hormatyna Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde surata düşürilen “Istärin” atly filmiň görkezilişi boldy.

Bellenilişi ýaly, bu film beýik şahyryň döredijilik dünýäsine bagyşlandy. Onda Magtymguly Pyragynyň parahatçylygy, watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi we päk söýgüni wasp edýän eserleriniň ähmiýeti açylyp görkezilýär we şahyryň eserleriniň tutuş adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygy barada aýdylýar.

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri dowam edýär.