Ï Juzeppe Werdiniň eserleri ýaňlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Juzeppe Werdiniň eserleri ýaňlandy

view-icon 2940
Juzeppe Werdiniň eserleri ýaňlandy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Meşhur italýan kompozitory Juzeppe Werdiniň dünýä inmeginiň 210 ýyllygy mynasybetli Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde Aşgabada gelen meşhur opera aýdymçysy Mariýa Pia Pişitelliniň gatnaşmagynda konsert gurady.

Konsert Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirildi. Ony Resul Gylyjowyň ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň Döwlet simfonik orkestri Werdiniň “Ykbal güýji” operasynyň uwertýurasy bilen açdy.

Italiýanyň meşhur opera aýdymçysy Mariýa Pia Pişitelli aşgabatly tomaşaçylaryň öňünde “Don Karlos” operasyndaky Ýelizawetanyň keşbinde peýda boldy. Diňleýjiler aýdymçynyň ajaýyp soprano sesi hem-de ýerine ýetiriş ussatlygy bilen tanyşdylar. Nury Nuryýew “Trawiata” operasyndan Alfred bilen Wiolettanyň duetinde Mariýa Pia Pişitelli bilen bilelikde çykyş etdi. Soprano we tenor bir sesde owadan utgaşdy.

Agşamyň dowamynda Juzeppo Werdiniň operalaryndan 9 parça ýerine ýetirildi. Aslynda kompozitor adamzat nesline 26 opera galdyrypdyr, olar üstünden iki asyryň geçendigine garamazdan, henizem meşhurlygyny saklap gelýärler.

Konsertiň tamamlanyşy diýseň täsirli boldy. Aýdymçy “Makbet” operasyndan Ledi Makbetiň ariýasyny ýerine ýetirdi. Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrare Mariýa Pia Pişitellä gül çemenini gowşurdy. Tomaşaçylar mähirli el çarpyşmalar bilen aýdymçyny sahnadan goýbermediler. Onsoň ol Eduardo di Kapuanyň meşhur “О sоlе miо” aýdymyny aýtdy. Konsert artistlerde-de, tomaşaçylarda-da ýakymly täsir galdyrdy.