Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň “Ak gämi” eseri esasynda täze spektakly sahnalaşdyrdy.
11 görnüşden ybarat bolan bu spektakly zehinli režissýor Perhat Hudaýberenow sahnalaşdyrdy. Täze sahna eserinde türkmen we gyrgyz halklarynyň taryhy kökleriniň, edim-gylymlarynyň, däp-dessurlarynyň ýakynlygy tomaşaçynyň spektaklda beýan edilýän wakalaryň jümmüşine çuňňur aralaşmagyna ýardam edýär.
Eserde Nurgazy atly oglanjygyň ykbaly yzarlanýar. Nurgazynyň keşbini Dursun Taganowanyň juda ynandyryjy ýerine ýetirýändigini spektakl tamamlanyp, oňa gatnaşyjylaryň sahna jemlenip çykan pursatynda onuň keşbinde oýnan ýaş aktýoryň gyzdygyny duýup galmagyň özi hem subut edýär.
Spektaklda Mömün aganyň keşbini janlandyran Batyr Ýazowyň, Myrat Hakimowyň, Türkmenistanyň halk artistleri Babageldi Rejepowyň döreden Gök aganyň, Akjajagül Suhanowanyň janlandyran kempiriň, Nurýagdy Döwletowyň oýnan Orazkuluň, Gülşat Amandurdyýewanyň, Gülälek Jumaýewanyň döreden Güljemalyň keşpleri tomaşaçyny biparh goýmaýar.
Teatryň döredijilik toparynyň sahnalaşdyran täze sahna oýnunda ata-enäniň, maşgalanyň nesil terbiýesindäki möhüm ornuny açyp görkezmek başardypdyr. Spektaklyň sahna bezegini ýerine ýetiren hudožnik Myrat Haýtyýewiň, saz bilen bezän Ylýas Gurbanowyň, Kemal Geldimyradowyň, yşyk bezegini amala aşyran Durdymyrat Sultyýewiň, maslahatçy režissýor Gaýypdurdy Jumaýewiň hem yhlaslarynyň ýerine düşendiklerini aýtmak bolar.