Ï Modern akymlaryna meýilli dört suratkeşiň birligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Modern akymlaryna meýilli dört suratkeşiň birligi

view-icon 3038
Modern akymlaryna meýilli dört suratkeşiň birligi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi merkezinde dört suratkeşiň “Kalbyň sazlaşygy” atly işleriniň sergisi açyldy. Dört suratkeşiň döredijilik birligi tötänden döremedi: olar – owaldan dost.

Röwşen Akynyýazowyň çeperçilik bilimi ýok. Ýöne ol bir döwürde Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýarly Baýramowyň ussahanasyndan çykmany bilmezdi we mugallymyndan özüçe pikirlenmek ukybyny aldy. Bu bolsa oňa şekillendiriş sungatynda pop-art döredijilik ugruny saýlamagyna ýol açdy. Azat Taganow çeperçilik mekdebinde Nursähet Eýeberenowyň elinde kompozisiýanyň esaslaryny öwrenmek bilen, bizi gurşap alan dünýä ekologyň gözi bilen garamaga girişdi. Meşhur kitap suratkeşi Nursähet Eýeberenow Türkmenistanyň halk suratkeşi Şajan Akmuhammedow bilen köp ýyl dostluk etdi, indi onuň ogly Öwezmuhammet Akmuhammedow bu suratkeşler bilen döredijilik we dostlukly gatnaşyk saklaýar.

Ýöne olar diňe bir dost däl, olary häzirki zaman sungatyna bolan meýil birleşdirýär. Röwşen Akynyýazow sergä tomaşaçylaryň ünsüni aýratyn özüne çekýän kubizm äheňinde döredilen birnäçe kompozisiýany hödürledi. Olarda tekizlik görnüşi we reňkleriň gapma-garşylygy üstünlikli ulanylypdyr. Röwşen türkmeniň ak öýüni aýry-aýry böleklere böldi welin, birnäçe suratdaky bölekler topary abstraksionizm röwüşini berip başlady. Röwşen Akynyýazowyň käbir işleri dizaýn eserlerini ýada salýar. Ýöne hödürlenen suratlaryň hemmesinde reňkiň näzik zowky we ýiti duýgusy ýüze çykarýar.

Azat Taganowyň hödürlän eserlerinden, aýratynam, “Kerepde galgaýan güýz ýapragy” atly suratyny belläsiň gelýär. Surat baý reňkleriň ajaýyp sazlaşykly utgaşmasy bilen saýlanýar. Azat reňkiň üstünde işlemäge uly üns berýär. Muňa mysal hökmünde “Peýzaž” suratyny görkezmek bolar, onda mawy asman ýer ýüzüne inen ýaly, sary reňkleriň uzyn hatary bolsa başlangyjyny görnüşi adaty ýapragy ýatladýan agaçdan alýar.

Nursähet Eyeberenowyň işleriniň sergisinde “Gadymy çynar” suraty saýlanyp dur. Onda göwdesiniň köke golaý ýerinde jöwzadan we ýagyşdan gizlenip boljak gowaga meňzeş görlüp-eşidilmedik boşlukly äpet agaç şekillendirilipdir. Ajaýyp grafik eserlerden “Geňeş” suraty özüniň täsirliligi bilen ýatda galýar.

Öwezmuhammet Akmuhammedowyň sergä hödürlän suratlarynyň köpüsi taşizm usulynda ýerine ýetirilipdir, bu usula eseriň esasy temasyny nygtamaga kömek edýän gaýtalanýan elementler mahsusdyr. Mysal üçin, “Gözler” suraty. Esasan, sary we mawy böleklerden ybarat masgarabaz şekillendirilen “Ertiriň haýyrly!” suraty modern sungat akymyna degişlidir.

Dört suratkeşiň işleriniň sergisi aşgabatly häzirki zaman sungatyny söýýänler we myhmanlar üçin gowy sowgat boldy. Ýeri gelende aýtsak, serginiň açylyşyna gelen myhmanlaryň arasynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral hem bar.