Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda (TDÇA) 2023-nji ýylyň uçurymlarynyň diplom işleriniň diňlenilişi bolup geçdi. Ýaş suratkeşlere diplom gowşurma dabarasy meşhur amerikan suratkeşi Eými Eriksonyň Aşgabada gelmegine gabat geldi.
Daşary ýurtly myhman inçe sungatlar boýunça amerikan-türkmen medeni alyş-çalyş maksatnamasynyň çäginde döredijilik ýokary mekdebiniň talyplary üçin öwrediji we ussatlyk sapaklaryny geçirýär. Eými Erikson Türkmenistanyň tanymal sungat we medeniýet işgärleri bilen birlikde uçurymlaryň işlerine baha berýän bilermenler toparyna gatnaşdy.
Emin agzalarynyň garamagyna monumental we teatr-bezeg suratlary bölümleriniň talyplarynyň taslamalary hödürlendi. Teatr-sahna bezegi bölüminiň uçurymy Hoşgeldi Garajaýew sahnany görnükli halk aýdymçy-şahyrlaryň biri bolan Garajaoglan hakdaky oýun üçin bezemek boýunça çyzgylar we teatr taslamalary bilen çykyş etdi.
Teatr jemgyýetiniň wekillerinden: Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýewden, Beýik S. Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň režissýory Gülälek Akmyradowadan oňyn baha alan uçurym TDÇA-nyň mugallymlaryna ýurdumyzyň teatrlarynyň birinde işlemek mümkinçiligini berendikleri üçin hoşallyk bildirdi.
Ondan soň döredijilik ýokary okuw mekdebiniň myhmany Eými Eriksona söz berildi:
– Türkmenistana myhman bolanym üçin özümi örän bagtly saýýaryn. Türkmen halkyna myhmansöýerligi üçin çyn ýürekden sag bolsun aýdýaryn. Aýratyn-da Döwlet çeperçilik akademiýasynyň işi, mugallymlaryň öz talyplaryna berýän ünsi meni haýran galdyrdy. Aşgabatda bolan birnäçe günümiň dowamynda bu ýerde täze dostlar tapyndym we geljekde dostlugymyz dowam eder diýip, umyt edýärin. Sungatda serhet ýok, şonuň üçin bilimlerimi Türkmenistanyň ýaş, zehinli we geljegi uly sungat işgärleri bilen paýlaşýandygyma şat.
Uçurymlaryň diplom işlerini diňlemek dowam etdi, Eými Erikson bolsa Çeperçilik akademiýasynyň talyplary üçin açyk howada geçirilýän sapaga gatnaşmak üçin, paýtagtymyzyň seýilgähleriniň birine gitdi. Ýaş suratkeşler eýýäm molbertlerini seýilgähiň dürli ýerlerinde ýerleşdirip, ýagly reňkler bilen garalamalar döredip başlapdylar.
Eými ýagly reňkler bilen surat çekmek usulynda işleýär. Ol özüniň natýurmortlary, şekil-portretleri we peýzažlary bilen tanalýar. Şu ýyl onuň “Suratkeş üçin açyk howada işleme usuly” atly ilkinji kitaby neşir edildi. Awtor bu kitaby ýurdumyzyň mugallymlaryna we talyplaryna görkezdi.
Dürli halkara festiwallara gatnaşyp, ýeňiji bolan Eými Erikson Kanadada, Italiýada, Meksikada we Russiýada ussatlyk sapaklaryny beripdir. Suratkeşiň Türkmenistana ilkinji gezek gelşi, ol indi uly gyzyklanma bilen türkmen medeniýeti we şekillendiriş sungaty bilen tanyşýar.
Öňde myhmana Mary şäherine syýahat etmek garaşýar, ol ýerde Mary sungat mekdebiniň wekilleri bilen hünäri tejribe alşar. Gadymy Merwiň çäginde suratkeşler ýaşyp barýan Güni surata geçirerler.
Häzirki wagtda geçirilýän ussatlyk sapaklarynyň we açyk howadaky dersleriň netijesi 21-nji iýuna meýilleşdirilýän uly sergi bolar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda talyplaryň Eými Erikson bilen ussatlyk sapaklarynda döreden eserleri görkeziler. Taslamanyň ýeňijileri daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmak üçin ABŞ-a gitmäge mümkinçilik alarlar.