Ï «Awaza – 2023»: üçünji gün
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Awaza – 2023»: üçünji gün

view-icon 5286
«Awaza – 2023»: üçünji gün

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän “Awaza -2023” atly halkara tans we folklor festiwaly dowam edýär. Festiwalyň üçünji gününiň wakalary oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak uly täsirleri galdyrdy.

Irden Halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşyjylar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bilen tanyşdyryldy. Munuň üçin olara bu ajaýyp künjegiň giň gerimli çäkleri boýunça tanyşlyk gezelenji guraldy hem-de şol gezelenjiň dowamynda myhmanlara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy -- Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary bilen "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň häzirki keşbinde emele gelmegi ugrunda amala aşyrylan işler we bu ýerde döredilen mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň berildi.

Şeýle hem “Awaza -2023” atly halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşyjylar üçin Hazar deňziniň giňişligi boýunça gezelenç guraldy. Munuň üçin olar Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuna geldiler we bu ýerden “Çarlak” gämisine mündüler.

Ýüzüşiň dowamynda myhmanlara gojaman Hazaryň taryhy, bu künjegiň tebigy aýratynlyklary hem-de deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygy, şol sanda onuň ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilişi barada gürrüň berildi.

Günüň ikinji ýarymynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynyň “Daýanç” sagaldyş we dynç alyş merkeziniň mejlisler zalynda Halkara festiwalyna gatnaşýan daşary ýurtly tans goýujylaryň türkmen kärdeşleri bilen döredijilik duşuşygy we ussatlyk sapaklary geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar tans goýmak babatda toplan tejribelerini paýlaşdylar, bu ugurda milli aýratynlyklaryň beýan edilmegini gazanmakda ulanylýan serişdeler barada pikir alyşdylar. Şunda häzirki döwrüň gazananlarynyň milli däp-dessurlar bilen utgaşdyrylmagynyň tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrýandygy barada nygtaldy. Bu usullaryň ýurduň dürli ugurlarda, şol sanda medeniýet we sungat ulgamynda häzirki gazanýan üstünliklerini wasp etmekde-de ulanylýandygy bellenildi.

Döredijilik duşuşygynyň we ussatlyk sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hoş owaza beslenen Awazanyň özlerini has-da jebisleşdirendigini, dostlaşdyrandygyny buýsanç bilen nygtadylar.

Soňra, meýilnama laýyklykda, Hazar deňziniň kenaryndaky interaktiw suw çüwdürimli seýilgähdäki uly sahnada geçirilen, Festiwala gatnaşýan Türkmenistanyň tans we folklor toparlarynyň konserti geçirildi.

Konsertde Türkmenistanyň ähli welaýatlaryna wekilçilik edýän tans we folkor döredijilik toparlary çykyş etdiler. Çykyşlardan parahatçylygyň, dost-doganlygyň mekanyna öwrülen ajaýyp Awazada geçirilen bu günki dabaralaryň hem Festiwala gatnaşyjy halklaryň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlyklary has-da ösdürmäge, biziň halklarymyzyň milli medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny öwrenmäge, tans sungaty boýunça özara tejribeleri alyşmaga uly ýardam berjekdine göz ýetirmek boldy.