Halkymyz hem-de medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri üçin ýatdan çykmajak şowhunly pursatlary emele getirýän, Berkarar Diýarymyzda asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi şu ýyl ýurdumyzyň mermer paýtagty Aşgabat şäherinde geçiriler. Şu günler Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de medeniýet merkeziniň hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda bu möhüm çärä taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Döwletimiziň ähli künjeginden tanymal sungat ussatlarynyň, ýazyjy–şahyrlaryň gatnaşmaklarynda iýun aýynyň 22-27-si aralygynda geçiriljek bu hepdelige ýurdumyzyň Lebap welaýatyndan hem medeniýet we sungat işgärleriniň 50-si gatnaşar. Welaýatyň birleşen tans toparynyň bu tutumly çärä milli mirasymyzy, türkmen dünýäsiniň, bagtyýar zamanamyzyň gözellikelrini açyp görkezýän tanslaryň birnäçesini taýýarlandyklaryny bellemek buýsançlydyr. Medeniýet hepdeliginiň geçirilýän günlerinde Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri gündogar sebitiň aýratynlyklaryny we Garaşsyzlyk döwründäki okgunly ösüşlerini şöhlelendirýän giň göwrümli sergi gurnarlar.
Hakyky sungat baýramçylygyna öwrülýän, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýeten belent sepgitlerini buşlaýan bu ruhy çäräniň dowamynda Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň iýun aýynyň 24-de geçiriljek bilelikdäki konsertine welaýatyň tanymal aýdymçylary–Türkmenistanyň halk artisti Dilber Rahmanowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Dosmämmet Söýünow, “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri Pöwrize Gulamowa, Orazgül Bazarowa, zehinli aýdymçylar Leýla Resulowa, Jemşit Batyrow we beýlekiler özleriniň täze döreden aýdymlary bilen gatnaşarlar.
Hepdeligiň dowamynda welaýatyň medeniýet we sungat işgärleri ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndan gelen hem-de Aşgabatly kärdeşleri bilen özara tejribe alşarlar. Bu bolsa medeniýetimiziň we sungatymyzyň mundan bu ýana hem sazlaşykly ösmekligine ýardam eder.