Teatr sungatynyň muşdaklary şenbe we ýekşenbe günleri paýtagtymyzyň tatrlarynyň dürli sahna oýunlaryna syn edip bilerler. Tomaşaçylara gülküli konsertler, drama spektakllary we gyzykly tomaşalar hödürlenýär.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda görkeziljek sahnalar:
17.06.2023: «Hoşlaşasym gelenok!» 19:00;
18.06.2023: «Hindi rowaýaty»19:00.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda görkeziljek sahnalar:
17.06.2023: «Aýdym-sazly gülki agşamy» 19:00;
18.06.2023: «Aýdym-sazly gülki agşamy» 19:00.
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda görkeziljek sahnalar:
17.06.2023: «Колобок» 12:00;
17.06.2023: «Аршин мал алан» 19:00;
18.06.2023: «Маша и Медведь» 11:00; 13:00;
18.06.2023: «Сад без земли» 19:00.
«Topraksyz bag» spektaklynda iki uýa – Olga bilen Annanyň ykbaly barada gürrüň berilýär. Olaryň ejesi ir ýogalypdyr, kakasy olara terbiýe bermändir. Uýalar ulalsalar-da, durmuş gurup bilmändirler. Bu zenanlar ýigrenjiň, öýke-kinäniň girdabyndan çykyp bilmeýärler.
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda görkeziljek sahnalar:
17.06.2023 «Ýaşlyk joşguny» 19:00;
18.06.2023: «Çynymy aytsam» 19:00.
Türkmen döwlet gurjak teatrynda görkeziljek sahnalar:
17.06.2023: «Basgançagyň astynda kim ýaşaýar» 17:00;
«Basgançagyň astynda kim ýaşaýar» ertekisinde işi şowlamaýan Akja atly pişijek barada gürrüň berilýär, ol hemişe üýtgeşik wakalara uçrap ýör. Bir gezek ol güjük bilen tanyşýar. It bilen pişigiň dostlugy neneňsi bolarka? Tomaşaçylar muny spektakla tomaşa etmek arkaly görip bilerler.
17.06.2023: «Jüýteniň toýy» 19:00;
18.06.2023: «Böwenjik»12:00; 17:00;
Açgöz hem hajymelik Böwenjik hakyndaky türkmen halk ertekisi çagalaryň iň gowy görýän ertekileriniň biridir. Ol öňünden çykanyny doýdum-doldumsyz garnyna atyp ýörşüne, ýarylarynam öýdenok. Onuň açgözlüginiň nämäniň üstünden eltýändigi ertekiniň soňunda belli bolýar.
18.06.2023: «Çagaly öý – bazar» 19:00.