Ï Zergärleriň bäsleşiginiň netijeleri jemlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zergärleriň bäsleşiginiň netijeleri jemlendi

view-icon 3689
Zergärleriň bäsleşiginiň netijeleri jemlendi
camera-icon
Begenç Ak

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde, Aşgabatda zergärleriň arasynda geçirilen “Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolup geçdi. Bäsleşik Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan guraldy.

Bäsleşik köp iş tejribesi bolan hünärmen zergärleri, şeýle hem sungatyň bu görnüşiniň söýüjilerini bir ýerde jemledi.

Döredijilik bäsleşigi halk köpçüligini zergär sungatynyň gadymy däpleri bilen tanyşdyrmakdan, zehinli zergärleriň mümkinçiliklerini agtaryp açmakdan, şeýle hem ýaşlary zergärlik işi bilen meşgullanmaga höweslendirmekden ybaratdyr.

Bäsleşik üç tapgyrdan ybarat boldy. “Syrly sungat” atly ilkinji tapgyryň çäginde olar belli bir wagtyň dowamynda şaý-sepler we görkezilýän sebitiň zergär ussalary barada gürrüň berdiler, bu şaý-sepleriň aýratynlyklaryny açyp görkezdiler.

“Sungatym bar – hormatym bar” atlandyyrylan ikinji tapgyr gülýaka bolsun ýa ýüzük, ýa-da islendik başga şaý-sep, olary ýasamak endiklerini görkezmegi öz içine aldy. “Altyn-kümüş gudraty, zergärleriň sungaty” atly jemleýji tapgyrda bäsdeşler özleriniň ýasan bäş sany şaý-sepini görkezip, olaryň hersiniň ähmiýetini we aýratynlygyny düşündirdiler.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan gymmatly sowgatlardyr Hormat hatlary gowşuryldy.