«Aşgabat kameratasy» ýaş aýdym-saz döredijilik toparynyň özüniň döredilmeginiň ilkinji ýyllygyny belleýär. Ansamblyň bary-ýogy bir ýyl ozal döredilendigine garamazdan, onuň bilen her duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýan diňleýjileriniň we janköýerleriniň bardygyny aýtmak ýakymlydyr.
Ansambl dünýä nusgawy we türkmen kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirýär. Mundan başga-da, sazandalar milli eserleriň ilkinji diňlenişini hödürleýärler.
«Kameratanyň» çeper ýolbaşçysy zehinli sazanda, Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazlary» atly Moskwada geçirilen halkara festiwalynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kirişli gurallar bölüminiň mugallymy Bahram Dolyýewdir.
Geçiriljek baýramçylyk konsertinde geçen möwsümde ýerine ýetirilen saýlanan eserler ýerine ýetiriler. R.Nepesowyň «Gutlag» walsy we M.Guseýnowyň 2-nji «Polifonik» eseri ilkinji gezek ýaňlanar.
Ç.Nurymowyň ikinji kwarteti (1985-nji ýylda döredildi) – çuňňur pelsepe mazmunly eseri konsertiň saýlama sazy bolar. Mälim bolşy ýaly bu eser Indira Gandiniň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar.
Ilkinji baýramçylyk konsertinde sazandalaryň arasynda Bahram Dolyýew (birinji skripka), Aýlar Botaýarowa (ikinji skripka), Tahyr Ataýew (alt), Kakageldi Hojalekow (wiolonçel) bar.
Konserte diňleýjilere öňden tanyş bolan beýleki sazandalar hem gatnaşýarlar.
Konsert 2-nji iýulda «Watan» kino-konsert merkezinde bolar.