Ï Medeniýet hepdeligi — 2023: bäşinji gün
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet hepdeligi — 2023: bäşinji gün

view-icon 3088
Medeniýet hepdeligi — 2023: bäşinji gün
camera-icon
Jepbarguly Garaýew, Meretdurdy Rozyýew

Paýtagtymyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli giň gerimli dabaralar dowam edýär. Günüň birinji ýarymynda myhmanlar Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna bardylar. Bu ýerde guralan kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana, halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna bagyşlanan eserlerine giň orun berildi.

Sergide Magtymguly Pyragynyň ömür we döredijilik ýoluna bagyşlanan ylmy edebiýatlar, jemgyýetçilik neşirleri görkezildi. Onuň dürli dillere terjime edilen eserleri söz ussadyna çäksiz hormat goýulýandygyna, uly ähmiýeti bolan edebi mirasynyň tutuş dünýäde söýlüp okalýandygyna şaýatlyk edýär.


Kitap halkyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Ähli döwürlerde-de ol medeni we aň ösüşiniň esasy guraly hasaplanypdyr. Ýurdumyzda çap edilýän kitaplaryň, döwürleýin neşirleriň her ýylda barha artýan mukdary we köpdürlüligi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň syýasatynyň ylym-bilim, medeniýet babatda ileri tutulýan ugurlaryny şöhlelendirýär. Ýokary hilli neşir önümleri kitap okamak medeniýetini ýokarlandyryp, ilatyň, hususan-da, ýaşlaryň milli we dünýäniň ruhy gymmatlyklaryna aralaşmagyna ýardam edýär.

Döwlet kitaphanasynda ýurdumyzda kitaphana işini ösdürmegiň esasy ugurlaryna bagyşlanan maslahat geçirildi. Foruma medeniýet ulgamynyň işgärleri, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, muzeý we kitaphana işiniň hünärmenleri, şahyrlar, ýazyjylar, döredijilik ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, žurnalistler gatnaşdylar.

Kitaphanalar milli mirasy, halklaryň taryhy-medeni mirasyny we häzirki ýeten derejesini öwrenmegiň, wagyz etmegiň medeni ojaklary bolmak bilen, şekillendiriş, aň-paýhas gymmatlyklaryny, tapylgysyz we seýrek gabat gelýän taryhy delilleri özünde jemleýär. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalara we iň gowy dünýä tejribesine esaslanýan bitewi elektron kitaphana ulgamy döredildi. Şol sanda yzygiderli guralýan usulyýet sapaklary, bäsleşikler degişli edaralaryň işgärleriniň bilim derejelerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.



Kitap gaznalaryny innowasion we taslamalaýyn esasda ösdürmek, elektron neşirleri wagyz etmek, elektron maglumatlaryň, taryhy resminamalaryň, kitaplaryň uzak möhletleýin saklanylmagy boýunça mümkinçilikler, kitaphana şahamçalarynyň oba ýerlerindäki ilata hyzmat etmegi bilen bagly ilkinji nobatdaky wezipeler maslahata gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmalarynyň esasyny düzdi.

Soňra Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp, sungat ussatlarynyň, ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlarynyň konserti guraldy.

Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biridir. Halkymyzyň edebi dile eýe bolmagy onuň döredijiligi bilen baglanyşyklydyr. Şahyr özünden soňky nesle ajaýyp şygryýeti miras galdyrypdyr. Onuň üç asyr mundan ozal döreden goşgulary häzirki döwürde-de öz ähmiýetini ýitirmeýär. Çünki olarda mähriban topragymyza, halkymyza çäksiz wepalylyk, onuň döredijilik güýjüne we beýik maksatlaryna ynam öz beýanyny tapýar.

Döwlet Baştutanymyzyň döredijilik forumyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň — milli şygryýetiň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzydyr, watançylyk we ynsanperwerlik ideýalarynyň hem-de ahlak gymmatlyklarynyň beýik waspçysydyr. XVIII asyrda keremli daglarymyzy, tereň derýa-çaýlarymyzy, giň sähralarymyzy, oba-kentlerimizi, müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen ýörelgelerimizi ündän beýik söz ussadynyň çuňňur parasada ýugrulan şygyrlary şan-şöhrata beslenen geçmişimize, şu günümize, geljegimize çäksiz buýsanç we guwanç duýgularyny döredýän gymmatly milli hazynamyzdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ylmymyzyň, medeniýetimiziň, sungatymyzyň pajarlap ösmegi bilen birlikde, Magtymgulynyň goşgulary hem täze derejä göterildi.

Türkmenistanyň halk artistleri, Döwlet hory we simfoniki orkestri, folklor toparlary özleriniň ýatdan çykmajak çykyşlaryny tomaşaçylara sowgat etdiler. Olaryň çykyşlary edebi-sazly kompozisiýalar, häzirki zaman saz eserleri we horeografik sahna eserleri bilen dowam etdi. Konsertde Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen, beýik akyldar şahyryň ömri we döredijiligi bilen bagly bolan ýerler hakyndaky, aýdymlar ýaňlandy. Köpöwüşginli çykyşlar türkmen halkynyň baý mirasyny, döredijilik zehinini açyp görkezdi.

Däp bolşy ýaly, konsertiň ahyrynda küştdepdi tansy ýerine ýetirildi. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen bu gadymy tans halk döredijiliginiň özboluşly nusgasy hökmünde özünde geçmişiň däp-dessurlaryny we häzirki döwrüň döredijilik kuwwatyny jemleýär.

Milli sungatymyzyň köpugurly aýratynlyklaryny beýan eden aýdym-sazly konsert diňleýjilerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň sahnasynda wäşileriň ýerine ýetiren çykyşlary döredijilik maksatnamasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralan çäreleriň her biri aýdym-saz, opera, teatr, kinematografiýa, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda gazanylan üstünlikleriň wagyz edilmeginde uly ähmiýete eýedir. Sahna ussatlary, sungat ýoluna ýaňy gadam basan artistler, horeografik we folklor toparlar özleriniň döredijilik sowgatlaryny tomaşaçylara ýetirdiler. Ähli ýerlerde halk aýdymlary, eziz Diýarymyzy, halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýan Arkadagly Serdarymyzy wasp edýän döwrebap aýdym-sazlar ýaňlandy.