Aşgabatda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 30 ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi dowam edýär.
Hepdeligiň çäklerinde gurama agza ýurtlardan gelen sungat işgärleri bilelikdäki fotosurat we çagalar suratlarynyň sergilerini, aýdym-saz we tans-folklor toparlarynyň konsertlerini geçirýärler.
Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden we Özbegistandan gelen döredijilik wekiliýetleri türkmen artistleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýärler. Bilelikdäki iş netijesinde uly döredijilik forumyna gatnaşyjylaryň hem-de onuň myhmanlarynyň köňlüni şatlandyrýan ýatdan çykmajak konsertler berýärler.
Türki dilli ýurtlaryň toparlarynyň M.Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň türkmen halk saz gurallary orkestri bilen bilelikde taýýarlanan konserti dostlukly gatnaşyklaryň ýene bir mysaly boldy.
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda «Şirwan» orkestriniň sazandarlygynda türki halklaryň milli tanslary görkezildi.
Türki dilli ýurtlaryň medeniýet ussatlarynyň konsertine diňe bir tomaşaçylar däl, eýsem myhmanlar hem ýokary baha berdiler. Bu ýere gelen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultanbaý Raýew TÜRKSOÝ-yň adyndan döredijilik toparlarynyň ýolbaşçylaryna ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdy.
«Şirwan» orkestriniň dirižýory Gadam Jumagulyýew hem ýadygärlik sowgada mynasyp boldy.
– Türki halklaryň medeniýetine wekilçilik edýän artistler bilen işleşmek miýesser edenine begenýäris – diýip, Gadam Jumagulyýew gürrüň berýär – Orkestrimizde talyplar çykyş edýärler, şonuň üçinem türki dünýäsiniň meşhur kompozitorlarynyň saz eserleri bilen tanyşmak medeni we hünär gatnaşyklary babatda olar üçin juda peýdaly boldy.
M.Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Döwlet Daňatarow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hormat medalyna mynasyp boldy. Türkmenistanly bagşy ozal TÜRKSOÝ-yň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli guralan çykyşlara gatnaşypdy.
Artistleriň belleýşi ýaly, bilelikdäki döredijilik olaryň gözýetimini has baýlaşdyrdy, başarnyk we hünär taýdan ösmegine ýardam etdi.