Ï Arkadag şäheriniň teatrynda ilkinji sahna oýny görkezildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäheriniň teatrynda ilkinji sahna oýny görkezildi

view-icon 5884
Arkadag şäheriniň teatrynda ilkinji sahna oýny görkezildi
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Şu gün – 3-nji iýulda täze açylan Arkadag şäheriniň A.Gulmammedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Döwlet daragty» diýlip atlandyrylan ilkinji sahna oýny tomaşaçylara hödürlendi. Edebi esasy Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowa degişli bolan sahna oýny Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti Aýnazar Batyrowyň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyryldy.

Drama eseri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» ýaly eserlerinde beýan edilýän wakalara we gymmatly maglumatlara esaslanýar. Sahna oýny bäş bölümden ybarat bolup, olaryň her haýsynda dürli taryhy döwrüň wakalary janlandyrylyp, olarda bu mukaddes toprakda ýaşan, döreden şahsyýetleriň döredijilik ykballary we olaryň manyly ömür ýoly barada söhbet açylýar.

Sahna eseriniň «Nesilbaşymyz Oguzhan» diýlip atlandyrylýan birinji bölüminde Oguz hanyň gadymy Köpetdagyň sahawatly jülgesindäki Yzgant obasynda oba-kent gurup, ogullaryna öý-ojak tutup, oguz kowmunyň dünýä ýaýramagy hem-de parasatly pederlerimiziň paýhasynyň dünýä ýaýylmagy baradaky ündew-pent berşi çeper suratlandyrylýar.

«Binýat» diýlip atlandyrylan ikinji bölümde Beýik Seljuklar şadöwletiniň soltanlary Togrul begiň, Çagry begiň, Alp Arslanyň, şol sanda Mäne babanyň çeper keşpleri merdana pederlerimiziň Watan goragy üçin görkezen gahrymançylyklaryny giňden dabaralandyrýar.

Üçünji bölümde ahalteke bedewleriniň arassalygyny saklamakda, täze nesil urgurlaryny döretmekde nesillere nusgalyk işleri bitiren belli atşynas Aba seýisiň çeper keşbi, dördünji bölümde bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda beýan edilýän taryhy wakalar, hususan-da, beýik Ýeňşiň hoş habary bilen bagly wakalar, Berdimuhamet aganyň, Mälikguly aganyň gahrymançylyklary baradaky wakalar janlandyrylýar.

Sahna oýnunyň jemleýji bölümi täze açylan teatra ady dakylan belli artist hem režissýor, Türkmenistanyň halk artisti Aman Gulmammedowyň döredijilik ýoluna bagyşlanýar. Onda belli artistiň döreden hem-de bir döwürde zähmet çeken kärdeşleriniň keşpleri janlandyrylýar.

Sahna oýnunda ýurdumyzyň halk we at gazanan artistleri we teatr sungatyna ýaňy gadam basan ýaş artistleriň onlarçasy ussatlyk bilen keşp janlandyrdylar. Olaryň ýerine ýetiren sahna eseri tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.