Ï Aşgabatda «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

view-icon 14545
Aşgabatda «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Täze neşiriň tanyşdyrylyş dabarasyna medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýolbaşçylary hem-de wekilleri, döredijilik işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Çykyş edenler halkymyzy şanly waka — Arkadag şäheriniň açylmagy we sebitde deňi-taýy bolmadyk bu şäheriň ähmiýetini açyp görkezýän «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň neşir edilmegi bilen gutladylar. Bellenilişi ýaly, bu kitaby okyjylar köpçüligi, tutuş halkymyz «akylly» Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna mynasyp sowgat hökmünde kabul etdi.

Dabaranyň dowamynda Arkadag şäherini wasp edýän aýdymlar ýaňlanyp, olarda täze şäheriň Watanymyzyň kuwwatyny berkitmekde tutýan orny çeper beýan edildi. Şeýle hem bu işleriň gözbaşynda duran Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerine tüýs ýürekden hoşallyk bildirilip, ýerine ýetirilen aýdymlar dabara gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary oýardy. Mundan başga-da, dabarada belli sungat ussatlarymyzyň halkymyzyň kalbyna siňen aýdymlarynyň birnäçesi ýaňlanyp, olar dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Çäräniň dowamynda täze Arkadag şäherinde medeni ojaklaryň gurulmagynyň milli medeniýetimizi ösdürmek hem-de dünýä ýaýmak ugrunda amala aşyrylýan işleriň nobatdaky subutnamasydygyna üns çekildi. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň gurlup, ulanmaga berilmegi muňa aýdyň mysallardyr diýlip, çykyşlarda aýratyn bellenilip geçildi.

«Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar «geljegiň şäheri» bolan Arkadag şäheriniň açylmagyna bagyşlanan täze neşirde döwrebap şäheriň birinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler baradaky maglumatlaryň täze binalaryň we gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň berýän fotosuratlar bilen utgaşdyrylmagynyň aýratyn özüne çekiji bolandygyny bellediler. Bu kitap ähli raýatlarymyz, şol sanda ýaş nesillerimiz üçin gymmatly maglumat çeşmesi bolsa, daşary ýurt okyjylaryny Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly innowasiýalara esaslanyp alnyp barylýan ägirt uly şähergurluşyk işleri bilen tanyşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.