Ï Sanly medeniýetleriň merkezine syýahat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sanly medeniýetleriň merkezine syýahat

view-icon 4165
Sanly medeniýetleriň merkezine syýahat
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Aşgabatdaky Fransuz institutynyň galereýasynda sungatyň täze bir görnüşi bolan sanly suratlardyr gurama şekilleriň wernisažy ýerleşdirilipdir. Fransuz institutynyň müdiri Rolen Guverne wernisaža ilkinji gelenleriň öňünde çykyş edip, bu serginiň maksadynyň sanly medeniýeti sungatyň täze bir görnüşi hökmünde giň halk köpçüligine ýetirmek islegidigini aýtdy.

Wernisažda sanly sungat eserlerini, resminamalaýyn filmleri, wideo oýunlaryny öz içine alýan jemi 14 döredijilik işi görkezildi. Işler tema taýdan birnäçe bölüme bölünýär, olaryň esasy bölegi “Internetiň taryhy” we “Adamyň maddy we wirtual ekosistemadaky ornudyr”.

Hödürlenen işleriň biriniň awtorynyň Antuan Şmitdigi bellenmäge mynasypdyr. Onuň geçen aýda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda bolup geçen “Özlerimiz” atly horeografik çykyşa-da gatnaşandygyny ýatladýarys. Häzirki wernisaž bolsa sanly medeniýetiň awangard şekillendiriş sungaty görnüşinde ýüze çykmagynyň dowamydyr.

Sergä gelenler, ýagny Fransuz institutynyň talyplary, suratkeşler we galamgärler, işleri üns bilen gözden geçirip, bolup geçen üýtgeşmelere has içgin göz ýetirdiler we onuň esasy düşünjeleri bilen tanyşdylar.