Ï Begenç Moşşyýew: wokal mugallymy we meşhur aýdymçy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Begenç Moşşyýew: wokal mugallymy we meşhur aýdymçy

view-icon 4235
Begenç Moşşyýew: wokal mugallymy we meşhur aýdymçy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

TÜRKSOÝ guramanyň çäreleriniň çäklerinde iýun aýynda Aşgabatda, Almatada, Daşkentde we Bişkekde geçirilen gala-konsertlere M.Kulýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Begenç Moşşyýew gatnaşdy.

Ol çykyşynda “Aýgytly ädim” kinofilminden Artygyň aýdymyny ýerine ýetirdi.

Begenç öz çykyşyny ýatlap, Gazagystandan, Özbegistandan we Gyrgyzystandan bolan opera aýdymçylarynyň her bir aýdymyň gaýtalamasyny özi bilen birlikde aýdandyklaryny, munuň bolsa özi üçin ýakymly bolandygyny aýdýar.Bu bolsa medeni we dostluk taýdan biziň halkymyzy has-da jebisleşdirdi.

Begenç Moşşýew Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrapyndaky fortepiano saz mekdebini tamamlady. Onuň kakasy özleriniň ata-babasynyň - Ýagşygeldi we Pirjan Moşşyýewleriň hem türkmen halk aýdymlaryny ajaýyp ýerine ýetirijiler bolandyklaryny ýatlap, oglunyň hem aýdymçy bolmagyny arzuw ederdi.Oglunda aýdym aýtmak islegini oýarmak üçin dostlaryny-aýdymçylary öýlerine çagyrardy.

Begenç köp aýdymy bilýärdi, ýöne köpçüligiň öňünde aýdym aýtmakdan utanardy. Mundan başga-da, ol tans bilen içgin gyzyklandy we hatda Medeniýet öýüniň tans ansamblyna-da kabul edildi.

Begenç dört ýyl tans toparyna gatnady we ol Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymynyň “Aýly agşam” aýdymyny aýdyşyny eşitmedik bolsa, belki tansçy bolup gem galardy.

Bu waka Begenjiň ykbalynda öwrülişik pursaty boldy. Begenç notalary tapdy, aýdym aýdyp başlady we ahyrynda ussatlyga eýe boldy.

Ol konserwatoriýa okuwa girmek üçin Aşgabat şäherine geldi. Ony estrada wokal bölümine kabul edipdirler.

Begenjiň kakasynyň eden arzuwy hasyl boldy.

Begenç ilkinji gezek talyp döwründe Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryň sahnasynda çykyş etdi.

Ol "Leyli we Mejnun", "Zöhre we Tahyr", "Şasenem we Garyp" operalarynda hor we köpçülikleýin çykyşlara gatnaşýar.

Konserwatoriýanyň dördünji ýylynda, Magtymguly operasynda baş keşpde çykyş etmek onuň üçin şowly boldy.

Soň bolsa “Görogly” operasynda Kösäniň keşbini ýerine ýetirdi.

Konserwatoriýany tamamlandan soň Begenç Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryna işe çagyryldy.

Alty ýylyň dowamynda ol teatrda ençeme spektakllarda dürli keşpleri ýerine ýetirdi.

Häzirki wagtda Begenç Moşşyýew konserwatoriýanyň mugallymy bolup işlemek bilen, aýdymçylygyny hem dowam etdirýär.

Onuň çykyşlary Tahyr Ataýewyň orkestriniň we Aşgabat kameratasynyň konsert programmalaryny operalardan ýa-da estrada aýdymlaryndan bolan ariýalar bilen bezeýär.