Şu mynasybetli Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Magtymguly miras bize” ady bilen guralan giň göwrümli sergi hem-de geçirilen maslahat aýratyn täsirliligi bilen tapawutlandy.
Serginiň açylyş dabarasyna beýik şahyryň çuňňur mazmunly goşgularynyň muşdaklary, medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri, bilim ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Onuň dowamynda söz äleminiň ussady Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyryň ajaýyp eserleriniň täze röwşe eýe bolmagy, bagtyýar zamanamyzda şahyra goýulýan belenr sarpa, şahyryň halkara möçberinde geçiriljek doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk işleri barada çykyşlar aýratyn gyzyklanma bilen diňlenildi.
Soňra dabara gatnaşyjylaryň beýik akyldaryň döredijiligine, durmuş ýoluna, şahyryň ýaşan döwrüni şöhlelendirýän milli mirasymyza degişli sergide ýerleşdirilen gymmatlyklar bilen tanyşmaklary, şygryýet muşdaklaryny nusgawy şahyryň keremli dünýäsine seýle çykardy.
Serginiň açylyş dabarasyndan soňra, bu ýerde geçirilen maslahatda hem nusgawy edebiýatymyzyň sakasynda duran Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, watansöýüjilige, beýik ynsanperwerlige, merdi-merdanalyga çagyrýan ajaýyp şygyrlary, Berkarar diýarymyzda beýik şahyryň döredijiligine goýulýan belent sarpa baradaky çykyşlara giň gerim berildi.