Ï Tahyr Ataýewiň «Rok-hit» orkestriniň konserti boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tahyr Ataýewiň «Rok-hit» orkestriniň konserti boldy

view-icon 2543
Tahyr Ataýewiň «Rok-hit» orkestriniň konserti boldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

«Watan» kinokontsert merkeziniň sahnasynda Tahyr Ataýewiň «Rok-hit» orkestriniň konserti boldy.

«Agşamyňyz haýyrly!» – bu sözler bilen Tahyr Ataýew şol gün agşam zalda ýygnananlara salam berdi we güçli el çalpyşmalar bilen garşylandy. Konsertde nusgawy rok sazlaryny Andreý Abdulin hödürledi, onuň özi-de bu žanryň muşdagy. Soňra häzirki zaman aýdymlary bilen Bogdan Smolin çykyş etdi. Saksafonçy Şirhan Batyrowyň çykyşy has-da täsirli boldy.

Tomaşaçylar daşary ýurt aýdymlaryny aýdyp, ähli aýdymçylary işjeň goldadylar. Sazyň sahnadaky täsiri zala siňdi we zalyň täsiri sahna siňdi.

«Paganini: The Devil's Fiddler» filiminden orkestriň ýerine ýetiren sazlary aýratyn täsir galdyrdy. Skripkanyň ýakymly owazy orkestriň sesi bilen birleşip, Paganininiň döwürdeşleri tarapyndan adatdan daşary döredijilik hökmünde baha berlen sazda özboluşly öwrümler döretdi.

Konsertiň ahyrynda Metallikanyň eserlerine esaslanan «Popurri» ýerine ýetirildi. Popurri, adamlaryň durmuşyndan ähli duýgulary gaýtalap biljek derejede saýlandy. Ol bir demde ýaňlandy we özüniň täsirliligi bilen, tomaşaçylary konserti dowam etdirmek höwesine eýe etdi.

– Bis üçin näme ýerine ýetirmeli? – Tahyr Ataew tomaşaçylar Popurrini saýlar diýip umyt edip, ýygnananlardan sorady, ýöne tomaşaçylar birleşip gygyrdylar: «Paganini! Paganini!».

Skripka ýene-de şirin owazy bilen ýaňlanyp başlady. Konsert şowly boldy.

Üstünlige begenen Tahyr Ataew tomaşaçylary 14-nji oktýabrda orkestriň 5 ýyllygy mynasybetli geçiriljek iki sagatlyk konserte çagyrdy.