Ï Polşaly suratkeş Aşgabatda Türkmenistan baradaky birnäçe suratyny görkezdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Polşaly suratkeş Aşgabatda Türkmenistan baradaky birnäçe suratyny görkezdi

view-icon 4116
Polşaly suratkeş Aşgabatda Türkmenistan baradaky birnäçe suratyny görkezdi
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde güneşli Türkmenistan polşaly suratkeş Ioanna Galetskanyň görşi ýaly, ähli gözelligi bilen görkezilipdir. Bu ýerde 3-nji awgustda dabaraly ýagdaýda daşary ýurtly myhmanyň şahsy sergisi açyldy.

Ioannanyň biziň ýurdumyza ilkinji gelşi däl. Her gezegem ol özboluşly türkmen medeniýetinden, tebigatyndan we ýurdumyzyň dürli künjeginde ýaşaýan adamlardan ylham alýar. Şonuň üçin-de sergide görkezilen ähli suratlar we grafiki eserler syýahat wagtynda we göni manyda aýak üstünde çekilipdir.

Suratkeş özüniň çykyşynda şeýle diýdi:

– Türkmenistana ýene-de gelenime örän şat. Bu ýere ilkinji gezek gelip, al-elwan lybasly owadan zenanlary görenimde, esasy temamyň adamlaryň suratyny çekmek boljakdygyna düşündim. Siziň Altyn asyr gündogar bazaryňyz – meniň esasy ylham çeşmäm. Suratlarymy köplenç şol ýerde çekýärdim, gyzykly adamlar bilen duşuşýardym. Olar diýseň göwnaçyk, myhmansöýerdi, maňa hödür edýärdiler, goşgy okaýardylar. Häzir sergide goýjak suratlarymy Halaç şäherine eden saparymdan getirdim.

Lebap welaýatyna syýahat Ioannanyň ýadynda daýhanlaryň öwüşginli keşpleri, bakja bazarlary we tebigatyň gözel görnüşleri bilen galypdyr. Haýwanlara aýratyn söýgi besleýän suratkeş öz işlerinde düýeleri, goýunlary, eşekleri, şeýle hem ekin meýdanlarynyň ajaýyp görnüşlerini we başga-da köp zatlary beýan edipdir.

Görkezilen suratlaryň köpüsi reňkli kagyzyň ýüzüne pastel hekleri bilen çekilipdir. Täsirli işler täsirliligi we keşpleri şekillendiriş takyklygy bilen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär.

– Bu – örän gyzykly ekspozisiýa, iň bolmanda, her bir suratda öz durmuşymyzy we edim-gylymymyzy görüp bilýänligimiz üçinem, gaty gyzykly ekspozisiýa – diýip, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Natalýa Kalugina düşündirýär. – Kölegeleriň dürlüligi şeýle bir takyk berlipdir welin, göýä bu suratlar häzirki zaman sanly surat enjamy bilen düşürilen ýaly. Eýsem-de bolsa, bu – çekilen çeper eserdir, şonuň üçin-de ol has ajaýyp görünýär.

Polşaly suratkeş Ioanna Galetskanyň çeken suratlarynyň sergisi 5-nji awgusta çenli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde dowam eder. Sergä giriş mugt.