Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji sentýabrda Nýu-Yorkda açyljak 78-nji sessiýasynda 2024-nji ýylda Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabatlap, Türki dilleriň halkara hepdeligini geçirmegi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Bütindünýä türki dilleriniň güni» atly Kararnamasyny kabul etmek mümkinçiligine seretmegi teklip eder.
Bu barada ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň web-saýtynda ýerleşdirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan wezipelerinde aýdylýar.
«Medeniýetleriň arasynda dialogy ilerletmek hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarda köpdürlüligi goldamak boýunça Kararnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan 2024-nji ýylda ÝUNESKO hem-de TÜRKSOÝ bilen bilelikde, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabatlap, Türki dilleriň halkara hepdeligini geçirmegi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Bütindünýä türki dilleriniň güni» atly Kararnamasyny kabul etmek mümkinçiligine seretmegi teklip edýär» diýlip, DIM-niň web-saýtynda nygtalýar.