Meşhur türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek üçin geçirilýän giňişleýin çärelerde onuň goşgular ýygyndysyna, Magtymguly baradaky ylmy makalalara, monografiýalaryň lingwistik aýratynlyklaryna, beýik akyldaryň şahyrana dili hem-de şahyryň eseriniň türkmen aýdym-saz we şekillendiriş sungatyndaky ornuna, şahyryň döredijiliginiň beýleki halklaryň medeniýetine täsiri baradaky neşirýat işlerine hem möhüm ähmiýet berilýär.
2023-2024-nji ýyllarda akyldar şahyryň ömri we döredijiligi, goşgularynyň ýygyndylary, şol sanda baý suratly sowgatlyk kitaplaryny diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem, birnäçe daşary ýurt dillerinde hem neşir etmek meýilleşdirilýär.
Şeýlelikde, dürli ýurtlaryň okyjylary şahyryň goşgularyny azerbaýjan, arap, özbek, pars, türk, nemes, italýan we başga-da birnäçe dillerde okap, täze neşirleri bilen tanşyp, Magtymguly Pyragynyň baý ruhy dünýäsini aralaşyp bilerler.
Neşir işlerine Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy, «Ylym» ylmy neşirýaty, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty, ýurdumyzyň Medeniýet we Bilim ministrlikleri, ýokary okuw mekdepleri we beýleki degişli ulgamlar işjeň gatnaşýarlar.
Meýilleşdirilen neşirleriň käbiri eýýäm Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň okyjylar köpçüligine ýetirildi, käbirleri bolsa neşir edilmäge taýýarlanylýar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň iýun aýynda paýtagtymyzda geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly Halkara ylmy maslahatyň gysgaça mazmuny, alymlaryň, aspirantlaryň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy institutlaryň doktorantlarynyň ylmy işlerini öz içine alýan «Magtymguly Pyragy – dünýä danasy» atly makalalar ýygyndysy, türkmen nusgawy şahyryna bagyşlanan «Magtymgula tagzym» atly häzirki zaman şahyrlaryň goşgular ýygyndysy, «Kalplara siňen Pyragy», «Pyragyň waspyny äleme buşlar», «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly goşgular ýygyndylary, «Magtymguly Pyragynyň dürdäne pikirleri» atly akyldaryň paýhasly sözleri we «Akyl hazynasy» atly okuw gollanmasy diňe şu ýylyň dowamynda türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen neşirleriň sanawydyr.
Magtymguly Pyragynyň daşary ýurtlarda özbek, türk we arap dillerinde neşir edilen goşgular ýygyndylary şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar.