Ï Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna

view-icon 6537
Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna

Moskwada taýýarlanylýan «Köp medeniýetli giňişlikde milli kompozitorlyk mekdepleriniň emele geliş meselesi» atly halkara ylmy we amaly maslahata ylmyň, medeniýetiň, aýdym-saz sungatynyň görnükli wekilleri, nazaryýetçiler we sazandalar gatnaşarlar.

Aýdym-saz dünýäsindäki bu uly waka milli saz sungatynyň halypasy, beýik türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna gabat getirilmek bilen 2023-nji ýylyň güýzüne meýilleşdirilýär.

Türkmen kompozitorynyň eserlerine dünýä derejesindäki sazandalar we simfoniki orkestrler tarapyndan ýokary baha berilýär we ýerine ýetirilýär, şeýle hem halk sazlary hökmünde kabul edilip, sallançak başynda-da hiňlenilýär.

Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly VII Moskwa halkara sungat festiwalynyň çäginde geçirilmegi göz öňünde tutulýan maslahatyň maksady milli kompozitorlyk mekdepleriniň we olary esaslandyryjylaryň adaty däl zehinine düşünmäge synanyşykdyr.

Maslahata sungaty öwreniş, medeniýetşynaslyk, pedagogika, jemgyýetçilik we medeni çäreler boýunça öňdebaryjy alymlar öz derňew işlerini hödürlärler.

Festiwalyň guramaçylyk komiteti we Russiýanyň Döwlet kitaphanasy (ФГБУ РГБ) gyzyklanýanlary oňa gatnaşmaga çagyrýar.

Moskwa festiwalynda çykyş etmek isleýänler, 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli: festival.sounds-of-dutar@mail.ru elektron salgysyna habar ugratmaly. Gatnaşmagyň düzgünleri bilen bolsa festiwalyň resmi saýtynda «Звуки дутара» doly tanşyp bilerler.

Maslahatda «Türkmenistanyň häzirki zaman kompozitorlyk mekdebini ösdürmekde Nury Halmämmedowyň döredijiliginiň ähmiýeti», «Kompozitoryň döredijiligi milli däp-dessurlar esasynda awtor stiliniň kemala gelmeginiň mysaly hökmünde» ýaly temalar köpçüligiň dykgatyna ýetiriler.

Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwaly geriminiň giňligi bilen mälimdir. Her ýyl oňa Russiýanyň we Türkmenistanyň, şeýle hem GDA ýurtlarynyň esasy sungat ýokary okuw mekdepleri gatnaşýar.