A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň döredijilik işgärleriniň «Söýgi, dynç alyş, tomus» atly estrada konsertinde tomus pasly barada çykyşlary tomaşaçylar üçin gyzykly we täsirli boldy.
Tomus pasly ýylyň iň owadan wagtydyr. Sebäbi bu pasyl dynç alyş möwsümi, syýahatlar, her dürli başdan geçirmeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Konsert maksatnamasy syýahat görnüşinde düzüldi.
Tansçylar Adelina Nazarowa, Anna Hummadowa, Lýubow Ýemelýanowa we beýlekiler Hindistanyň, Türkiýäniň we Russiýanyň horeografik medeniýetini görkezmek bilen öz tanslary arkaly şol ýurtlara gaýybana syýahatlary guradylar. Alina Andronowa we Merdan Nurmuhammedow dagy bolsa liriki hem-de degişme aýdymlary bilen tomaşaçylaryň hoşallygyny gazandylar. Şeýle-de Sofýa Stepanýans, Anna Hummadowa, Anastasiýa Zagorodnewa we beýlekiler degişme sahnalary bilen çykyş etdiler.
«Söýgi, dynç alyş, tomus» atly konsert paýtagtymyz hakyndaky ajaýyp aýdym bilen tamamlandy. Bu aýdym Anna Hummadowa tarapyndan ýerine ýetirildi.
— «Söýgi, dynç alyş, tomus» atly konsert tomaşaçylaryň islegleri we dürli zehin-başarnyga eýe bolan, ýöne olary hemişe sahna oýunlarynda görkezmäge mümkinçiligi bolmadyk ýaş aktýorlaryň haýyşy boýunça guraldy — diýip, teatryň režissýory Baýram Garajaýew aýdýar. — Mysal üçin, Alina Andronowanyň we Merdan Nurmuhammedowyň aýdym aýtmaklary köp tomaşaçylar üçin açyş boldy.