Ï «Aşgabat» seýilgähinde ýaş zehinler çykyş etdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Aşgabat» seýilgähinde ýaş zehinler çykyş etdiler

view-icon 2961
«Aşgabat» seýilgähinde ýaş zehinler çykyş etdiler

Paýtagtymyzyň «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähinde ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň we şäher häkimliginiň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli guran «Gözelligiň göwher gaşy – Aşgabat» aýdym-sazly döredijilik çäresi geçirildi.

 

Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän bu seýilgähde çagalaryň döredijilik toparlary Watana bolan söýgüsini, Garaşsyz we Bitarap Türkmenistana bolan milli buýsanç duýgularyny wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Şeýle hem paýtagtymyzyň sungat mekdepleriniň okuwçylary seýilgähde türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň bagtly durmuşyny şekillendirýän çagalaryň çeken suratlarynyň sergisini hödürlediler.

Çäräniň myhmanlary üçin interaktiw oýunlar we bäsleşikler geçirildi. Has işjeň oglanjyklardyr gyzjagazlara Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň adyndan mekdepde ulanar ýaly ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Mundan başga-da, işjeň dynç alşa höwesek çagalar bu ýerdäki attraksionlara baryp gördüler. Gyzykly we şowhunly geçen konsertiň ahyrynda çagalara süýji doňdurma paýlanyldy.