Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sergi merkezinde Mary welaýatynda doglan iki nakgaşyň – Allaberdi Öwezdurdyýewiň we Batyr Hajyýewiň eserleriniň sergisi açyldy. Olaryň eserleri sungat söýüjileriň ünsüni aýratyn özüne çekýär.
Allaberdi bilen Batyr aşgabatly kärdeşleriniň we žiwopis muşdaklarynyň dykgatyna işleriniň 80-sini hödürlediler. Çeperçilik serişdelerini ulanmak babatda olar biri-birine ýakyn bolsa-da, ýöne tematika we tilsim babatda welin, juda tapawutlanýarlar. Allaberdi Öwezdurdyýew modern usulyna ýykgyn edegen. Mysal üçin, dowar sürüsini jebis goýlan gawun üýşmegi bilen bilelikde umumy görnüşde şekillendirýär. Onuň suratlarynda ýygy-ýygydan gaýtalanýan adaty zatlar umumylykda üýtgeşik bir keşbi döredýär.
Allaberdi Öwezdurdyýewiň eserlerinde animalistik usulyna ýykgyn edýändigi aýdyň duýulýar. Ol üç suratda gözlerini petredip duran taýhary şekillendiripdir, olar şeýle bir özüneçekiji çykypdyr welin, tomaşaçylar olaryň bendiwany boldular. Suratlaryň üçüsine-de - «Obama meňzeş» diýen umumy at berlipdir.
Nakgaşyň müň sany garynjanyň şekillendirilen «Pursat» atly grafiki suraty has üýtgeşik görünýär. Olaryň göz açyp-ýumasy salymda bir ýere üýşmegi Allaberdini haýran galdyrypdyr. Beýleki nakgaşlardan öz eserleriniň gahrymany hökmünde garynjany saýlany tapylarmyka?! Bu eserinde Allaberdi Öwezdurdyýew tomaşaçyny geň galdyrmagyň hötdesinden gelýär.
Batyr Hajyýewi öz ülkesiniň baý taryhy özüne çekýär. Onuň suratlarynda, köplenç, gadymy Merwiň daş-töweregindäki manzarlar duş gelýär. Batyr manzar ussady. Nakgaşyň sergide goýlan her etýudynda gadymyýet, ol ýerde höküm sürýän şemal duýulýar.
Şeýle hem ol geçmişden söhbet açýan stanok suratlara ökde. Muňa mysal edip, «Ak öý satýanlar» ýa-da «Elguşy aw muşdaklary» suratlaryny görkezmek bolar.
Batyr Hajyýewiň hem modern usulynda çekilen eserleri bar. «Ukudaky näzenin» suraty şolaryň biridir. Ol muny synag hökmünde çekipdir.
Olardan näme üçin eserleriniň bir sergide görkezilýändigini soranlarynda, nakgaşlar ussahanalarynyň golaýdygyny, özleriniňem dostdugyny aýtdylar.
Nakgaş Rahman Umarow serginiň dabaraly açylyşynda bu ýerdäki işleriň her biriniň geň galdyrýandygyny aýtdy. Dogrudanam, bu sergi şeýle bir lezzet berdi welin, göwnüň gaýta-gaýta ony telwas edýär.